JAHANKEŞDE ŞAHYR

Türkmen halkynyň geçmiş ýoluna ser salanyňda, kökleri çuňluklardan gaýdýan belent çynarlara çalymdaş şahsyýetler göz öňüňde janlanýar. Şolaryň biri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ady dünýä belli bolan akyldar, filosof, danalaryň danasy, jahankeşde şahyr Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň ömür-döredijiligine, şygyrlaryna salgylansak onuň jahankeşde şahyr bolandygyna, dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat edenligine magat göz ýetirýärsiň. Onuň “Uça bilmen neýläýin” şygrynda arzuwlary, belent duýgusy ony dünýäniň birnäçe ýurtlaryna syýahata alyp gidýär.

Köňlüm istär, gezsem dünýä-älemi

Ganatym ýok uça bilmen neýläýin.

Şahyr bilimini, dünýägaraýşyny çuňlaşdyrmak üçin Horasan, Buhara, Samarkand, Türküstan, Hindistan ýaly ýurtlara syýahat edip, her ýurdyň edebiýatyny, medeniýetini, ýaşaýyş-durmuşyny içgin gyzyklanyp öwrenýär.

Magtymguly Pyragynyň köňlüniň arzuwlan ýeri bolan Hindistanda birnäçe wagtlap syýahatda bolýar. Hindistanyň täsirli syýahatyndan soň öz ata Watanyna dolanmazyndan ozal gyz uýasy Zübeýda sowgatlyk diýip hindi bazarlarynyň birinden çäýnek satyn alypdyr. Çäýnek nesilden-nesle geçip biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasdyr. Ol häzir Magtymguly Pyragynyň ýaşan topragy Gerkez obasynyň merkezinde ýerleşýän şahyryň hormatyna bina edilen Magtymguly muzeýinde saklanylyp, ylmy esasda öwrenilýär. Bu çäýnek beýik şahyryň Hindistanda syýahatda bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şahyr diňe bir jahankeşde bolman, syýahat eden ýurlarynyň medeniýeti, ýaşaýyşy bilen birlikde ol ýeriň tebigatyny, howasyny ylmy taýdan öwrenýär. Onuş şygyrlarynda jemlenýän ylmy garaýyşlar hemişe alymlaryň üns merkezinde bolupdyr. Sözüň doly manysynda aýtsam, Magtymguly Pyragynyň eserleri alymlara, jahankeşdelere, biz ýaşlara dünýä ýüzini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyryň garaýyşlaryny, pikirlerini öwrenmek, bagtyýar ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk göreldedir.

Rüstem HOJANEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hasapçysy.

Meňzeş habarlar

12 Awgust 2025 | 15 okalan

TEBIGATY GORAMAK — ÖZÜMIZI GORAMAKDYR

12 Awgust 2025 | 18 okalan

JAHANKEŞDE ŞAHYR

12 Awgust 2025 | 13 okalan

MEKDEP BAZARLARY