Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilenine 80 ýyl bolýar. Şoňa görä-de, şu şanly ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini alamatlandyrýan möhüm wakalara baýdyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirlen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny aýratyn bellemek has-da ýakymly.
Giň göwrümli halkara forum Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazýar. Şeýle-de bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, özara düşünişmegi, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary berkitmäge, döwletler bilen halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşýandygyny äşgär edýär.
Halkara maslahat we onuň çäginde ugurdaş birnäçe iri çäreleriň geçirilmegi ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge hem-de uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.