Golaýda Lebap welaýatynyň kerki etrabynyň 24-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim Müdirligi hem-de Lebap welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli welaýatymyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde 10-12-nji synp okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda geçirýän «Sözi paýhas bezär, sazy-sungat» atly aýdym-sazly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa, Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ýaban Astanakulow, Kerki etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Annamyrat Nurnepesow eminlik etdiler. «Sözi paýhas bezär, sazy-sungat» atly bäsleşiginiň Kerki etrap tapgyrynda I-orna etrabyň 20-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Sungat Agajanow, II-orna etrabyň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Boburjan Ýazdanow, III-orna etrabyň 29-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Arzuw Batyrowa dagylar mynasyp boldular.
Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.