Bu gün Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, agzybirligi, dost-doganlygy wagyz ediji hem-de pugtalandyryjy ýurt hökmünde çykyş edýär. Gülläp ösüşiň aýdyň ýoluna düşen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýy artyp, ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli uly işler dünýäniň ençeme ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen ylym-bilim ulgamynda, ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem giň gerime eýe boldy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Medeni-taryhy gymmatlyklara baý bolan ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm halkada ýerleşmek bilen, ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedir.
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly bolan 2018-nji ýylyň taryhy wakalary boljak «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, welosiped ýörişi we ylgaw ýaryşynyň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde amala aşyrýan taryhy işlerini giňişleýin wagyz etmekden, sportuň awtoralli, welosiped we ylgaw görnüşlerini ösdürmekden, sportuň bu görnüşlerine ýaşlarymyzy köpçülikleýin çekmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini gazanmakdan ybaratdyr.
«Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy diňe bir sport ýaryşy bolman, ol Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek hem-de multimodal ulgamlaryny döretmek babatda işjeň syýasatyna ygrarlylygynyň hem nyşanydyr. Ýaryşyň uly böleginiň Garagum sährasynyň içinden geçmegi bolsa, bu çölüň ajaýyp tebigaty bilen tanyşmaga we ony goramagyň aýratyn nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizilmeginiň mynasypdygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Geljek ekologiýa gös-göni baglydyr. «Amul — Hazar 2018» ýaryşlary bolsa ekologiýa häsiýetlidir». Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara ýaryşlaryň Garagumuň ekoulgamyna zyýan ýetirmezligi üçin birnäçe çäreler toplumy geçirildi. Şeýle-de bu ýaryşa gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlar ýaryşyň dowamynda ýurdumyzyň tebigy gözellikleri, ekologiýa arassalygy, daşky gurşawyň goraglylygy bilen, şeýle-de halkymyzyň däp-dessury, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy taryhy ýadygärliklerimiz bilen ýakyndan tanyş bolarlar.
«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) ünsüni özüne çekdi. Bu bolsa geljekde bu ýaryşyň dünýä derejeli ulgama girizmegiň ähli mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň agtygy Kerimguly bilen döreden «Sportly Türkmenistan» atly aýdymynda:
Sport!
Türkmenistan!
Gözel Awaza!
Ýüpek ýol uzaýar
Amul — Hazara —
ýaly ajaýyp sözleri bu halkara ýaryşyň baş şygaryna öwrüler. Sebäbi bu aýdymda türkmen sporty, Awazanyň gözelligi, Amuldan Hazara uzaýan ýoluň rowany, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan döwletimiziň waspy joşgun bilen beýan edilýär.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisinde üstünlikli çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň düzümine girýän biziň ýygyndy toparymyzda ýeterlik derejede tejribe-de, güýç-kuwwat-da bar. Dost-doganlygyň baýramyna öwrüljek bu halkara awtoralli ýaryşynda türgenlerimiziň şowly çykyşlaryna garaşýarys.
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
06.09.2018ý.