GARAGUMUŇ GÖZEL GÖRKI

Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsi milli Liderimiziň başlangyjy bilen guralýan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreder.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Garagum sährasy durşy bilen keramat, bu künjege zyýarata gelmegiň we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmek bolsa parz işdir» diýip ýazýar. Dogrudan-da, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez Garagum sährasy durşy bilen keramat, gaýtalanmaýan gözellik. Muny onuň täsin ösümlikdünýäsi babatda hem aýtmak bolar.

Türkmen halkynyň asyrlarboýy ýaşaýyş-durmuşynyň dünýäde iň uly çölleriň biri bolan Garagum sährasy bilen baglanyşykly bolandygy hemmelere mälimdir. Parasatly pederlerimiz Garagum sährasynyň özboluşly tebigaty bilen iş salşyp gelipdirler. Olar akaba suwa zar bolan bu ümmülmez sähranyň içinde ýagyş suwundan bag-bakja ekinlerini, hatda miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň hötdesinden gelipdirler. Olar dermanlyk ösümliklerden giňden peýdalanypdyrlar, bulanyk kak suwlaryny durlamagyň, şor, duzly suwly guýularyň suwuny süýji suwa öwürmegiň usullaryny tapypdyrlar.

Ümmülmez Garagumuň gujagynda mesgen tutan janypkeş çarwadarlarymyzyň öz ýaşaýan bu sährasyna bolan çäksiz söýgüsi bar. Magtymguly Pyragy: «Her kime Müsürdir özüniň ýurdy» diýip, ýönelige nygtan däldir. Olar çogly Günüň perzendi. Biz olaryň tomsuň jöwzasynda eti az iýip, özlerini aga-çala, gatyga tutýandyklaryna, ýuka däl-de, galyňrak geýnip, öz derleri bilen bedenlerini buz ýaly saklaýandyklaryna, jöwza çakdanaşa zoraberse, işiň agramly bölegini ir ertire, giç agşama, salkyn gijä geçirýändiklerine belet.

Garagum sährasynda mesgen tutan çarwalar hemişe ene topraga, howa, suwa, ösümlikdir haýwanlara eýeçilik gözi bilen garap, olary rejeli peýdalanmaga, aýap saklamaga çalyşýarlar. Olar tebigat bilen göwündeş, özara sazlaşykda bolup, her hili ýowuz ýagdaýlarda-da ondan diňe gün-güzeranlary üçin geregini almaga çalşypdyrlar, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlyklaryny gorap saklapdyrlar.

Mälim bolşy ýaly, gadymy türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň köpüsi gymmatly bejeriş häsiýetlerine eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy-ensiklopedik işi ösümlikleriň hut şol häsiýetlerine hem-de köp asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň olary gündelik ýaşaýyş-durmuşynda ulanmak boýunça ýörelgelerine, şol ýörelgeleriň häzirki döwürde fitoterapiýada ulanylyşyna bagyşlanandyr. Türkmen lukmanlarynyň ýankitabyna öwrülen bu gymmatly işiň halkara ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretmegi hem ýöne ýerden däldir.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Garagum sährasynyň çäginde bitýän dermanlyk ösümlikler, olaryň öwrenilişi we halk lukmançylygynda ulanylyşy dogrusynda söz açyp şeýle ýazýar: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işimiň asla tötänden döremändigi okyjy üçinem düşnüklidir diýip pikir edýärin. Ine, şol kitaba gerekli maglumatlar bu tebigy gurşawyň biologik gurluşy hakyndaky tejribeleri bir ýere jemlemegi talap edýär. Men şonda her bir ösümligiň peýdalydygynyň irki alymlar tarapyndan hem giňden öwrenilendigini ykrar edýärin. Biz gadymy tejribeleri baýlaşdyryp, olary geljege miras goýýarys».

Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi türkmen tebigatyny, şol sanda Garagum sährasynyň hem iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Garagumuň täsin tebigy gözelligi hakda söz açyp: «Bizde ylmy we gözellik nukdaýnazaryndan bütindünýä gymmatlyklary bolan, täsin tebigatly ýerler köp. Olaryň has ähmiýetlileriniň biri hem Garagum sährasydyr. Öz gadymy tebigy keşbini saklap galandygy, ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdygy, biologik dürlüligi özünde jemleýändigi üçin, biziň Garagum sähramyz Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr» diýip belleýär.

Garagumda ösýän ösümlikler çöl tebigatynda, esasan, üç gatlaga (ýarusa) bölünýär. Sazak, çerkez we şuňa meňzeş iri ösümlikler ýokarky gaty, gandym, çogan, ýowşan, boýalyç, selin ýaly ösümlikler ortaky gaty, birýyllyk we köpýyllyk otlar bolsa pes — üçünji gaty emele getirýärler. Bu ösümlikleriň hemmesi suwy çar tarapa ýaýrap ýatan uzyn kökleri arkaly tapýarlar.

Sazagyň uzynlygy 5-8 metre ýetse, köki 16-18 metr çuňluga aralaşýar. 50-60 santimetr boýly ýowşanyň köki 2-3 metre barabar bolýar. Ösümlikleriň kökleriniň ösümligi suw bilen üpjün etmekden daşary ýene bir ähmiýetli tarapy bar. Olar küpürsäp ýatan toprakda gögerip oturan ösümligi şemalyň, ýeliň goparyp taşlamagynyň öňüni alýar, çägäni gataldýar, berkidýär. Gapdallara ýaýran kuwwatly kökler, gämileriň taşlaýan labyry ýaly, ösümligiň duran ýerinde mäkäm durmagyny, oňa güýçli ýeliň hem kär edip bilmezligini üpjün edýär.

Tebigatyň millionlarça ýyllyk çylşyrymly taryhy ösüşiniň dowamynda Garagum sährasynda yzgary özünden juda az bugardýan ösümlikler saklanyp galypdyr. Sähradaky ösümlikleriň käbiriniň ýapraklary düýpden ýok, käbiriniň ýapraklary juda ownuk, üçünji birleri bolsa bugaryşdan gorap saklaýan ýörite serişdeler bilen — inçejik we tegelejik görnüşde hoşa ýaly bolup, ýere sallanyşyp duran ýasyja pürler bilen örtülendir.

«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň esasy ugrunyň Garagum sährasynyň içinden geçýändigi bilen baglanyşyklylykda bu täsin künjegiň çäginde ýerleşýän döwlet tebigy goraghanalar, olarda bitýän ösümlikler baradaky maglumatlar bu halkara ýaryşyna gatnaşyjylar we onuň janköýerleri üçin uly gyzyklanma döretjekdigini göz öňünde tutup, olar barada käbir zerur maglumatlary beýan etmegi maksadalaýyk diýip hasap edýäris.

Repetek döwlet biosfera goraghanasy gündogar Garagumuň merkezinde, Türkmenabat şäheriniň 70 km günortasynda — Repetek demir ýol stansiýasynyň gapdalynda ýerleşýär. Ol Repetegiň daş-töweregindäki täsin we ajaýyp ojar tokaýlaryny gorap saklamak maksady bilen esaslandyrylýar. Goraghananyň umumy meýdany 34600 gektara barabar. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň tebigaty üçin sazak, gandym, selinli uly çäge gerişleriniň, ojarly jülge görnüşli peslikleriň hem-de erkek selin-sözenli aklaň meýdanlarynyň gezekleşmekleri häsiýetlidir. Şuňa meňzeş ajaýyp çöl relýefiniň täsinlikleri dünýäniň hiç bir ýerinde gaýtalanmaýar.

Garagum sährasynyň bu täsin künjeginde geçirilen düýpli ylmy-barlag işleriniň ylym, bilim we halk hojalygy üçin wajypdygyny nazarda tutup, 1976-njy ýylyň 19-njy fewralynda ÝUNESKO-nyň «Adam we biosfera» atly maksatnamasynyň Halkara utgaşdyryjy birleşiginiň karary bilen, Repetek döwlet goraghanasyna biosfera goraghanasy derejesi berildi.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň giňişliklerinde Garagumda bitýän ösümlikleriň umumy görnüşiniň 60 göterimi ösýär. Bu ýer çäge-çöl tebigatynyň örän täsin janly muzeýidir. Ol Garagumuň jöwzaly yssysyna, gazaply sowugyna, suwsuzlygyna täsin uýgunlaşan ösümlik görnüşleri hem-de oňurgasyz jandarlaryň, süýrenijileriň, guşlaryň, süýdemdirijileriň erkin gezýän ýeridir. Repetek goraghanasy milletimiziň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň dünýä nusgasy hasaplanýar.

Häzirki wagtda goraghananyň ösümlik dünýäsi 189 görnüşli kömeleklerden, 8 görnüşli ýokary derejeli kömeleklerden, 68 görnüşli we dürli nusgaly toprak suwotularyndan, 4 görnüşli baldak ýaprakly mohlardan, 1 görnüşli ýalaňaç tohumly we 120 görnüşli ýerli gülli ösümliklerden ybarat hasap edilýär. Ajaýyp tebigy täsinlikleriň biri hem gara sazak tokaýlyklarydyr. Olar goraghananyň umumy meýdanynyň 4,5 göterimini ýa-da 1470 ga ýerini tutýar.

— «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde ösýän ösümlikleriň we mesgen tutan haýwanlaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirine girizilen görnüşleriniň ençemesi bar. Olara türkmen dendrostellerasy, türküstan sersepili ýaly gymmatly ösümlik görnüşleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garagum sährasynyň jümmüşinde «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmegi TGHB-niň Gyzyl sanawyna hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirine girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň gymmatly görnüşlerini gorap saklamak, köpeltmek boýunça zerur çäreleri öz wagtynda ylmy esasda geçirmäge, Garagumuň ajaýyp tebigy toplumlaryny geljekki nesillere şu gözel durkunda ýetirmäge mümkinçilik berer. Açyk asmanyň astyndaky ajaýyp tebigy muzeýiň — «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň işläp başlamagy Garagum sährasy bilen içgin gyzyklanýan türkmenistanly we daşary ýurtly alymlara, tebigaty goramak ulgamynyň hünärmenlerine bu täsin sähranyň gizlin syrlaryna aralaşmaga we düýpli ylmy-barlaglary geçirmäge, ekologiýa syýahatçylygyna uly höwes bildirýän ýerli syýahatçylara we daşary ýurtly jahankeşdelere gyzykly syýahatlaryň ulgamyny guramaga we ösdürmäge uly ýardam edýär.

Garagum sähramyz, onuň täsin ösümlik dünýäsi milletimiziň gymmatly mirasydyr, baýlygydyr, buýsanjydyr. Bu gymmatly baýlygy gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, Garagumuň täsin gözelligini asyl durkunda geljekki nesillere miras galdyrmak biziň — şu günki nesilleriň watançylyk borjudyr.

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.

“Nesil” gazeti,

08.09.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI