ELEKTROENERGETIKANYŇ KUWWATY ARTÝAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ugurlar boýunça batly gadamlar bilen öňe barýar. Ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň binýadynyň örän berkden tutulýandygyndan habar berýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimiziň okgunly ösüşini berkarar eden bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni, her pursady il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli şanly wakalara beslenýär.

Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak şeýle buýsançly wakalaryň biri hem 8-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hut özüniň gatnaşmagynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasydyr. Bu täze desganyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň çalt depginler bilen senagatlaşdyrylmagyna hem-de sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine ýardam eder.

Energiýa üpjünçilik ulgamy şäherleriň we obalaryň kadaly durmuşyny üpjün edýän inžener-tehniki düzümiň möhüm bölegidir. Elektrik energiýasyna islegiň barha artmagy bilen ýurdumyzda bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda döwletimizde «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gysga döwrüň içinde dürli kuwwatlykly gaz turbinaly 6 sany elektrik stansiýasy gurlup, ulanmaga berildi. Netijede, indi welaýatlarymyzyň hersinde iki we üç sany gaz turbinaly elektrik stansiýasy hereket edýär.

Mary welaýatynda açylan utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap elektrik stansiýasynyň jemi kuwwaty 1574 megawattdyr. Şeýle hem döwrebap tehnologiýanyň pudaga ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi guramaga, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberini ep-esli azaltmaga şert döreder. Ol tebigy gazy az sarp edýär hem-de ykdysady we ekologiýa taýdan örän bähbitlidir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende, ýurdumyzyň energetikleriniň baş wezipeleriniň biri energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem gurlup ulanmaga berlen bu täze desgada zähmet çekjek işgärlere, ýaşlara döredilen iş şertleri bolsa, olaryň öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen durmuşa geçirmäge, Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň hatyrasyna halal we öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Umuman, Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi halkymyzyň ajaýyp şu gününe we bagtyýar geljegine gönükdirilýär.

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

11.09.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI