Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sebit we halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2018-nji ýyl «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýlip atlandyryldy. Bu ýylda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny döwrebap derejede dikeltmekde uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzda geçirilýän «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi Türkmenistanyň gadymy Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy hökmündäki ornunyň gaýtadan dikeldilýändigine şaýatlyk edýär. Alym Arkadagymyz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň diňe bir sport ýaryşy, kämilleşmek türgenleşigi bolman, halklaryň we döwletleriň dostlaşmagyna, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigini belleýär.
«Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň uly bölegi Garagum sährasynyň içinden geçýär. Garagumuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda, daşky gurşawy goramagyň ynsanperwer nusgasy derejesinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasyp hasaplanylmagynda halkara awtoralli ýaryşynyň hyzmaty uly bolar.
Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň uly bir şahasy Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. Amuldan Hazara çenli giň ýaýlany eýelän söwda ýolunyň halklaryň, ýurtlaryň birek-birek bilen golaýlaşmagyna, dostlaşmagyna, adamzat medeniýetiniň ösüşlerine itergi berendigi hemmä mälimdir.
ХХI asyrda Beýik Ýüpek ýoly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de mäkäm ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, giňden pugtalandyrmaga ygtybarlylygy emele getirýän dostluk ýoluna öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen birlikde, gadymy ýoly sport dünýäsiniň giňişligine uzaýan ýollar bilen birleşdirmekde işjeň çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň geçirilmegi hem gadymy söwda ýolunyň häzirki zaman şertlerinde halklary, döwletleri dostlaşdyrýan, medeniýetleri birleşdirýän, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmekde tagallalaryň jemlenmegine, sport ýaryşlarynyň ýaýbaňlanmagyna giň gerim berýän ugurlaryň birine öwrülýär. Aziýa bilen Ýewropany ençeme asyr ozal söwda, medeni, edebi gatnaşyklar arkaly baglanyşdyran taryhy ýoly döwrebap derejede dikeltmekde möhüm hyzmata mynasyp bolar.
Çydamlylygy, ugurtapyjylygy, ussatlygy talap edýän «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynda Garagumuň ürgün çägeleriniň içinden sport ulaglary bilen badalga alan türgenleriň ulaga erk etmekde, päsgelçiliklerden baş alyp çykmakda täze-täze netijeleri gazanmagyna garaşylýar. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşynda ýaşyl Baýdagymyzy belentde parladyp, üstünlik gazanmagyny arzuw edýäris!
«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň oňyn bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, dünýä ýüzünde parahatçylygy gorap saklamakda, dost-doganlyk gatnaşyklary giňeltmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara derejesinde nusgalyk işleri durmuşa geçirýändigini ýene bir gezek ykrar edýär.
Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
13.09.2018ý.