GARAGUM sährasy... Zer çägeli, depe-depe bolup, ýazylyp-ýaýran altynsow sähralygyň gözelligi haýsy pasyl bolsa-da özüne çekýär. Megerem, melemtil çägäniň üstünde, ýüňden edilen keçede oturyp, göýäki simfoniýany ýadyňa salyp, ojar odunda gaýnap duran çaýyň lykyrdaýan owazyny diňlemek köpleriň islegidir. Günüň daş-töweregi öz nury bilen ýagtyldýan pursady-da hasam täsindir. Bu täsinligi synlan ynsanlar, gör, nähili duýgulara gaplandylarka?!
Haýsy gaýry döwletlere gitseň-de: «Sen nireden geldiň?» diýen sowala «Türkmenistandan» diýdigiň bes, yzyny sowal bereniň özi «Magtymguly Pyragy, dutar, alabaý, ahalteke bedewi... » diýip dowam etdirer. Çünki dünýä halklary türkmen üçin eziz gymmatlyklaryň ählisini bilýändir. Dünýäniň has çeträk döwletleriniň wekillerini öz ýurduň bilen tanyşdyrmak isleseň ýekeje söz ýetik. «Garagum» diýdigiň olaryň mekdepde geografiýa sapagynda öwrenen maglumatlaryny seniň bilen paýlaşar. Hawa, biziň döwletimiziň şeýle ajaýyp täsinligi her kesi özüne maýyl edýär.
Garagum sährasyny görmäge, onuň ak çägeleriniň üstünden aýakýalaň gezmäge, dermanlyk otlarynyň tenekar ysyny duýmaga, janly-jandarlarynyň enaýy hereketlerini synlamaga höwes edýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Muňa ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artýanlygy delil.
Nesibäm çekip, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşary ýurtda okamaga hukuk gazanyp, ol ýerde bilim aldym. Okaýan ugrum syýahatçylyk bolany üçin diplom işimi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň girdejili ugry boýunça gazanýan üstünlikleri, durnukly ösüşi dogrusynda ýazmagy we goramagy makul bildim. Uniwersitetimizde 30-dan gowrak döwletden gelen talyplar bilim alýardy. Şol bir wagtda birnäçe milletleriň wekillerinden bolan mugallymlar bize bilim berýärdi. Öz önüp-ösen ýurduň, göbek-ganyň daman ene topragyň waspyny ýetirmek, elbetde, juda jogapkärli we gyzyklydy. Aslynda eziz Watanymyzyň waspyny ýetirmäge ýeterlik çeşmelerimiz bar. Gadymy taryhy ýadygärlikler toplumy diýjekmi, häzirki zaman binalardyr desgalar diýjekmi, tebigy aýratynlyklarymyz, dynç alyş üçin döredilýän oňaýly şertler, baky juwan Hazaryň boýnuna ýyl-ýyldan monjuk kimin düzülýän myhmanhanalary özünde jemleýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, ýerasty hem ýerüsti baýlyklarymyz... garaz, görkezmäge, gürrüň bermäge, wasp etmäge mysal kändi. Esasy amal bolsa ony ýerbe-ýer, özüne çekiji, oňat edip düşündirmekdi. Şeýdibem gerekli maglumatlary toplap, şekilli görnüşleri taýýarlap, ýurdumyzyň gözel künjekleri, jahankeşdeleriň biziň ýurdumyzyň täsinlikleriniň gözli şaýat boljak ajaýyp ýerleri dogrusynda gerekli ähli taýýarlyklardan soň ýazan işimi goradym. Şu günki ýaly ýadymda. Diňleýjileri toýunsow düzlükleri, ürgün çägeli ýaýylyp ýatan, giden giň meýdanyň içinde gijelerine ummanda ýoluny ýitiren gaýyklara ýol görkezýän şamçyrag kimin nuruny saçýan «Garagum ýalkymy» haýran galdyrypdy. Garaz, tejribeli jahankeşdeleriň syýahat edeniňe degýän, maslahat berýän ýerleriniň ilkinji onlugyna girýän Garagumuň bu täsinligi «Göreniň arzuwy, görmedigiň armanyna» öwrülýär.
Halkymyzy ösüşleriň ýyndam bedewinde öňe sary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy Garagum sährasynyň täsinliklerini özüne bendi eden ähli awtomobil sürüjileridir janköýerleri öz gujagynda jemledi. Bu abraýly ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanan hünärmenleriň begençli pursatlaryny mawy ekrandan görmek buýsançly başymyzy ganatlandyrýar. Olaryň her biri türkmen tebigatynyň üýtgeşikligini, duş gelýän aýratyn tebigy hadysany delillendirýän «Garagum ýalkymyny» synlamak isleýänligi bu ýaryşyň ähmiýetini artdyrýar.
Hallygözel ŞANAZAROWA
“Nesil” gazeti,
15.09.2018ý.