AÝDYŇ MAKSATLARYŇ MASLAHATY

Asyrlaryň synagyndan geçen milli däplerimize eýermek bilen, geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän çözgütleri örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Permany ählimizi buýsanja beslän taryhy waka boldy. Her güni taryhyň sahypalaryna nagyşlanýan beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň bagtyýar, abadan hem bolelin durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir. Şonuň esasynda hem ata-babalarymyzyň milli däp-dessur, döwletlilik ýörelgelerine eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary guramaçylykda geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu döwür Halk Maslahatyny geçirmegiň iň jogapkärli döwrüdir. Şu maksat bilen, ýerlerde Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri seçip almak, olaryň şahsy we işjeň häsiýetlerini öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmen halky ähli döwürlerde-de sylanýan, hormatlanýan, paýhasly ýaşulular bilen maslahatlary, döwletli tutumlaryň geňeşlerini geçiripdirler. Şeýle maslahatlarda bolsa döwletiň ygtyýarly wekilleri bilen geçirilen ählihalk ýygnaklarynyň iň wajyp, syýasy-ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky paýhasly maslahatlaryna ýokary baha berlipdir. Bu ýörelge miras galan gymmatlyk bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ýaş nesillerimize görelde mekdebidir. Şonuň ýaly-da döwlet dolandyrylyşynyň milli demokratik häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr. Gazanylan taryhy tejribeler hem-de ylmy-nazary garaýyşlar durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe halkyň degişli wekilleriniň pikir alyşmalarynyň oňyn täsir edýändigini görkezýär.

Ýurduň her bir raýatyna bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýan häzirki zaman türkmen jemgyýeti bu gün barha golaýlaşýan döwletli maslahatyň işini üpjün etmegiň ykdysady, hukuk, guramaçylyk taraplaryny aýratyn üns merkezinde saklaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine döwlet häkimiýetiniň ýokary edaralarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan halk maslahatynyň agzalary girýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyna döwletiň jebislik güýjüne öwrülen jemgyýetçilik guramalarynyň iň esasylarynyň hatarynda gatnaşmagy guramanyň geljekki işlerinde uly jogapkärçiligi döredýär. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň, döwletli döwranynyň açyklyk hem-de aýanlykda, halkyň dürli kärdäki we ýaşdaky wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher, welaýat geňeşleriniň hem-de Merkezi Geňeşiniň hünärmenleriniň we agzalarynyň gatnaşmagy ýaşlarymyzyň jemgyýetde we halkyň bähbidine gönükdirilen işlerde mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär. Şonuň esasynda hem şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülýän bu döwletli maslahatyň işiniň guralyşy, şeýle-de ýokary wekilçilikli edaranyň ygtyýarlyklary barada ýaşlaryň gatnaşmaklarynda dürli duşuşyklar we maslahatlar geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen alnyp barylýan her bir özgertmeleriň düýp özeni durnukly ösüşi üpjün etmek, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy pugtalandyrmaklyga, ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilendir. 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hem hut şeýle meselelere garalar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň umumy beýany döwletiň demokratik ýörelgeleriniň kanuny esasda alnyp barylýandygynyň, döwletiň we raýatlaryň jebisliginiň, agzybirliginiň, olaryň özara täsiriniň we hyzmatdaşlyk hereketleriniň öz beýanyny tapýanlygydyr. Şonuň ýaly-da ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak we geljekde bu işleriň kämilleşdirilmegi hem şeýle mazmuna eýedir. Ak geljegiň umyt güllerine deňelýän bagtyýar ýaşlarymyz özleri barada edilýän her bir aladany, döwletimiz tarapyndan berilýän goldawlary duýup ýaşaýarlar we hormatly Prezidentimize buýsançly alkyşlaryny aýdýarlar. Ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň geljegidir. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan, gaýtadan işleýän köpugurly innowasion ulgama öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere uly goşant goşýan ýaşlarymyz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk buýsanjydyr.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz». Bu hakykaty döwleti dolandyrmagyň köpasyrlyk tejribesini toplan merdana, edermen halkymyzyň agzybirlikde gazanan beýik ýeňişleri şöhratlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa, nesillerimiziň gymmatlygy hökmünde hormatly Prezidentimiz dabaralandyrýar. Hut şonuň üçin hem hemmeler biragyzdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine — döwletli tutumlaryň, hoş habarlaryň, şöhratly taryhymyza şan goşjak mertebeli menzilleriň maslahatyna barýar.

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

18.09.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI