GARAŞSYZLYK — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi. Türkmenleriň bu asuda, abadan günlere ýetmegi üçin uzak ýoly geçmeli bolandygyna geçmiş taryhymyz şaýatlyk edýär. Halkymyzyň arzuw-islegleriniň ählisi-de Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr!» Sebäbi Garaşsyzlyk millete erkana ýaşamaga, gözel tebigatyna we tebigy baýlyklaryna, ata-babalarynyň ruhy siňen mukaddes topragyna, özboluşly ruhy dünýäsine, milli gymmatlyklaryna eýe bolmaga, özüniň maddy we ruhy güýjüni, ilkinji nobatda, öz bähbitleri üçin peýdalanmaga, öz islegine laýyklykda dost — goňşy tutunmaga, halkara gatnaşyklaryna aýratyn bir döwlet hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Garaşsyzlyk milletiň ruhuna ruh, mertebesine mertebe, dowamatyna dowamat goşýar. Onuň mümkinçiliklerini artdyrýar, galkynmaga ýol açýar. Garaşsyzlyk ýurduň syýasy, ykdysady taýdan özygtyýarly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, halkyň milli düşünjeliliginiň ösmegine, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde öz mynasyp ornuny tapmagyna itergi berdi. Garaşsyzlygymyz halkymyza öz gadymy medeniýetini, urp-adatlaryny, toý-baýramlaryny gaýtaryp berdi we dünýä medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga, häzirkizaman gazanylanlary nazara almak bilen ylym-bilimi ösdürmäge, ruhy taýdan taplanan, sagdyn bedenli nesilleri kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Şu geçen gysga döwrüň içinde Türkmenistan Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap okgunly işler amala aşyrylyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistan häzir, sözüň doly manysynda öz syýasy, ykdysady garaşsyzlygyny üpjün edip bilen ýurda öwrüldi. Biziň ýaşyl Baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent binasynyň öňünde, dünýä ýurtlarynyň hatarynda buýsançly parlaýar. Bu belent binada halkymyzyň parahatçylykly ýaşamaga, sazlaşykly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyryşlary ynamly ýaňlanýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk dabaraly toýunyň öňüsyrasynda uly ruhubelentlige beslenip geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi mähriban Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan aýdyň syýasatynyň düýp mazmunynyň bütin dünýäniň ünsüne ýene bir gezek ýetirilmegi häzirki döwrümizde döwlet binýadynyň mizemez esaslarynyň kemala gelendigine şaýatlyk edýän buýsançly wakadyr. Munuň özi, türkmen döwletiniň umumadamzat ösüşiniň wajyp meselelerini çözmäge doly derejede gatnaşmak bilen, dünýä bileleşiginiň abraýly agzasy bolup durýandygyny, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni yzygiderli wagyz edýändigini aňladýar. Watandaşlarymyz üçin bu belent derejäniň taryhy ähmiýeti diýseň uludyr.

Ine, şu ýyl hem ähli türkmen halky üçin aýratyn ähmiýetli, taryhy sene hökmünde Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy dag aşýar. Halkymyz ýylyň-ýylyna bu taryhy günde diňe bir özygtyýarly türkmen döwletimiziň döredilen gününi däl, eýsem, beýik tutumly maksatnamalaryň ugry boýunça gazanylan uly ýeňişleri baýram edýär. 2018-nji ýylda ýetilen ýeňişli sepgitler barmak basyp sanardan has köp. Türkmen özüniň baş milli baýramyna buýsançly serini belent tutup, zähmet sowgatlary bilen barýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly çäreler geçirilýär.

Türkmen halky umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşandygyna buýsanmaga haklydyr. Garaşsyzlyga, erkanalyga, özbaşdaklyga, özygtyýarlyga ýugrulan gahrymançylyk ruhy halkymyzyň baý medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridir. Halkymyzyň mizemez agzybirligi milli medeniýetimiziň kämil dürdänelerinde arzylanyp, taryplanyp beýan edilen baş gymmatlykdyr. Türkmen halky dünýäde hemişe toý-baýramly, döwletli hem agzybir millet hökmünde tanalypdyr. Şeýle kuwwatly döwletiň raýaty bolup, Gahryman Arkadagymyzyň baky bagyş eden bagtyýarlyk eýýamynda milletimiziň naýbaşy ruhy gymmatlyklaryny sarpalap, olary döredijilikli we ussatlyk bilen dowam etmek her birimiz üçin parzdyr, iň uly bagtdyr.

Resul BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Baýramaly şäher Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

20.09.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI