HALK MASLAHATY — JEBISLIGIŇ DABARALANMASY

Zähmetsöýer ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň turuwbaşdan yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyna esaslanýan her bir oýlanyşykly başlangyjyny, ägirt uly tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýarlar, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Agzybir halkymyzyň bu babatdaky işjeňligini has-da ösdürmek, döredijilikli güýjüni bir ýere jemlemek bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns berýän ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmaga, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, demokratik ýurt hökmünde dünýäde eýeleýän ornuny öňküdenem pugtalandyrmaga netijeli itergi berýär. Şeýle asylly ýörelgeleriň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uly bolar. Halk Maslahaty Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwletli tutumlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere halkymyzyň dürli gatlaklarynyň wekillerini işjeň çekmäge uly ýardam eder.

Halk Maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň, ilkinji nobatda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly boljakdygy düşnüklidir. Şeýle döwletli maksada ýetmekde bolsa «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» aýratyn ähmiýete eýedir. Ýeri gelende aýtsak, Prezident Maksatnamasy her birimiziň bagtyýar şu günümize, röwşen geljegimize gönükdirilendir. Diýmek, Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň ykbalynda taryhylygy bilen tapawutlanar.

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

22.09.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3102 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 1128 okalan

ENE HÜWDÜSI