Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşmak, tejribe alyşmak we geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Merkezi Geňeşiň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziň wekilleri bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Ikinji sekretary Kirill Woronkowyň, Skolkowo ylym we tehnologiýa institutynyň talyplar bilen işlemek boýunça prorektory Denis Stolýarowyň, Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň ylmy işgäri Bair Tuçinowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Gurban Myradow myhmanlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty, ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler we ýaşlaryň innowasiýa we döredijilik işjeňligi bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri barada beýan edilip, ýaşlar bilen bilelikde alnyp barylýan taslamalaryň geljekki ugurlary, halkara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri we ylmy-tehnologiki taslamalarda hyzmatdaşlygyň derwaýyslygy dogrusynda pikir alşyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziň başlygy Annageldi Godorowyň çykyş etmeginde ýurdumyzda ýaşlaryň bilim we innowasiýa ukyplaryny ösdürmekde, jemgyýetçilik işjeňligini höweslendirmekde ýerine ýetirilýän işler, alnyp barylýan meýletinçilik hereketleri dogrusynda aýratyn durlup geçildi.
Duşuşygyň çäklerinde myhmanlar güneşli ýurdumyzda ilkinji gezek saparda bolýandyklaryny we bu saparyň özlerinde ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrandygyny nygtamak bilen, öz ugurlary boýunça alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da, jemgyýetçilik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde maksatnamalary utgaşdyrmak, geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.
Gyzykly we netijeli geçen pikir alyşmalardan soň, myhmanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölümlerine aýlanyp gördüler we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda çärä gatnaşanlar iki dostlukly döwletiň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde öz goşantlaryny goşjakdyklaryny beýan etdiler.
Mähri ORAZMÄMMEDOWA,
“Arkadagly Ýaşlar”.