Halkara hyzmatdaşlykda beýik ösüşleri wasp edýän täze kitap

Ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagy, onuň ähli babatlarda ösüşlere beslenmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiz her bir güni, her bir pursady beýik rowaçlyklara besleýär. Döwlet Baştutanymyzyň dürli ugurlar boýunça giň göwrümli eserleri döredýändigi hemmelere mälimdir. Milli Liderimiziň paýhasyndan kemal tapan çeper we ylmy kitaplary dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine elýeterli boldy. Ine, şeýle ajaýyp eserleriň biriniň — belent maksatlara ruhlandyrýan mukaddes baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllygynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ähli türkmen halkyna ajaýyp sowgatlaryň biri boldy.

Iki bölümden ybarat bolan Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek babatda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we ýurdumyzyň umumadamzat bähbitli meseleleri çözmekde, halkara ähmiýetli işleri ýerine ýetirmekde goşýan mynasyp goşantlaryny açyp görkezýär. Çünki ykdysadyýetimizi depginli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde durnukly ykdysady ösüşiň hem-de ähli derejelerde ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan täze durmuş-ykdysady strategiýa bilen berk baglydyr.

Kitap ylmy-publisistik görnüşde ýazylyp ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli milli strategiýasynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny hem-de ileri tutulýan ýollaryny kesgitleýär. Ony durmuşa ornaşdyrmakda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu eser häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygyň öňde goýan maksatlarynyň ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýändigine bagyşlanandyr.

Döwlet Baştutanymyz bu kitaby ýazmak pikiriniň 2015-nji ýylda Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde dörändigini onuň ilkinji sahypasynda mälim edýär hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisine gatnaşmak bilen onuň beýik münberinde eden taryhy çykyşynyň many-mazmuny barada nygtaýar. Kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň täzeçilligi, döwrüň wajyp meselelerini çözmäge ylmy taýdan esaslandyrylýan çemeleşmeleri hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň öz mazmuny boýunça her bir adamyň bähbitlerine gönükdirilendigini we häzirki döwrüň Durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýändigi barada beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dünýä inen ajaýyp täze eseriniň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimize we bilim alýan talyp ýaşlarymyza döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy ugrunda bitirilýän möhüm wezipeler, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmekde BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyklary ösdürmekde we işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan işler bilen tanyşmakda, ony içgin öwrenmekde ajaýyp sowgat boljakdygy mälimdir.

Berdimyrat ÇARYÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.

“Nesil” gazeti,

25.09.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3102 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 1128 okalan

ENE HÜWDÜSI