AGZYBIRE AŞ INER

Hepdäniň sişenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty il-ulsumyzy bagtyýarlyga besledi.

Bir tarapyny atalarymyzyň ylahy yhlasy siňen Garagum sährasy, beýleki ganatyny bolsa belent başly daglar gurşap duran gözel Diýarymyza güýz pasly ýene-de toý çakylykly geldi. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesilleri ylymlar ojagyna jemleýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şatlygy ýatyşmanka, ýurdumyzda geçirilen sport baýramyna gatnaşmaga dünýä ýüzünden gelen awtoralliçiler toý şowhunyny äleme ýaýdy. Olaryň bereketli türkmen topragy, myhmansöýer halkymyz, täsinliklere baý Garagum sährasy, ak çägeleriň arasynda lummurdap duran durna gözli Türkmen köli, ady arşa galan Hazar deňzi hakynda aýdan ýakymly sözleri, ýatlamalary habar beriş serişdeleri arkaly Ýer ýüzüne ýaýrady. Şahyryň:

Gündogar bagşysyn diňle,

Günbatar...

diýen ajaýyp setirleri aýdym-saz, hoş owaz bilen utgaşyp, göwünlere telwas eçildi. Ýaşulusyny özüne ýaran, ýaşkiçisini dowam bilýän ilimizde ýagşy päller ýar bolup, ak arzuwlaryň belende galmagy maksatlary myrat tapdyrýar. Ony biz ýurdumyzyň iň sylagly raýatlaryny bir supranyň başyna jemlän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mysalynda hem görüp bilýäris. Halkyny jan-tenden söýýän we sylaýan hormatly Prezidentimiziň çäksiz uly aladalary bilen durmuşa geçen Halk Maslahaty öz gözbaşyny asyrlaryň taryhy gatlaryna siňen milli ýol-ýörelgelerden alyp gaýdýar. «Il ýörän ýer ýol bolar» diýýän halkymyzyň özara sylag-hormatyna, maslahat-geňeşine salgylanýan ak ýollar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem il agzybirliginiň sakasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli kärdäki we ýaşdaky öňdebaryjy, sylagly-sarpaly, zähmetsöýer, kesp-kärine ökde raýatlaryny Ruhyýet köşgüne jemlän Halk Maslahaty il-günüň agzybir ýaşaýşynyň, ýaşlaryň bagtly geljeginiň kepilidir. Ony biz Maslahatda buýsanç bilen çykyş eden ildeşlerimiziň sözlerinden hem duýup bilýäris.

Geçen ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «...Men onuň hukuk ýagdaýyny üýtgetmegi we gurluşyny özgertmegi teklip edýärin» diýmek bilen Halk Maslahatynyň beýik derejesini kesgitläpdi. Bu günki gün ýurdumyzyň ýeten belent derejesi il agzybirliginiň, ýurt abadançylygynyň, bir Başa uýup, dogry we halal ýoldan ýöremekdedigini subut edýär. Tutumlaryny ýaşulularyň «bissimillasy» bilen başlaýan döwletimize tyllaýy däne bolup, patrak ýaly ak pagta bolup rysgal-bereket inýär. Döwrebap obalar, ak säherleriň nury siňen dürli görnüşli, oňyn maksatly binalar bagtyň öý-ojagyň, maşgala agzybirliginiň jebisligindedigini aýdyň edýär.

Halk Maslahatyna gazet işgäri hökmünde gatnaşyp, guwançdan we buýsançdan ýaňa didelerimize çaýylan şatlyk gözýaşlaryny ýuwaşja sylýarys. Öňdäki hatarlarda oturan perişdesypat atalara, ak gyňaçly enelere, olaryň yz ýanyndaky zähmetsöýer raýatlarymyza gözüň düşende, olaryň juda bagtlydyklaryny aýdasyň gelýär. Şeýle uzak ömür sürüp, döwlet derejeli toý-baýrama gatnaşmak ýaşulularymyzyň ömrüni uzaldýar. Zähmetkeşleriň iş depginini güýçlendirip, yhlasyny berkidýär. Ýaşlary täze-täze maksatlara ataryp, dünýä derejeli ylym-bilimden, dürli tilsimatlardan baş alyp çykmaga iterýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň döredilmegi, raýat hökmünde il bähbitli işler barada öz sözüňi aýdyp bilmek döwletlilikden, rowaçlykdan nyşan dälmidir eýsem?! Şol sebäpli-de Maslahata gatnaşan we çykyş eden her bir ildeşimiziň dillerinde eziz Watana bolan belent söýgi, il-günümize wepalylyk, Gahryman Arkadagymyza bolan ak alkyş kasam kimin ýaňlanýar. Her bir çykyşda ýurduň geljegi, ýaş nesilleri kemally adamlar edip ýetişdirmek, ýurduň ykdysadyýetine, ýaşaýyş durmuşymyza täsir edip biljek teklipleriň aýdylmagy halkymyzyň giň gözýetiminiň, ajaýyp terbiýeçilik ýol-ýörelgeleriniň miwesi hasaplanýar. Döwlet münberine çykyp, buýsançly sözlerini aýdyma öwürýän ýaşlar bolsa gözüňe has yssy görünýär. Olaryň ýaşlyk keşbini okuwda, işde, sportda gazanýan uly üstünlikleri bezeýär. Diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde tanalýan şeýle öňdebaryjy ýaşlar atalaryň gadymy ýollaryny dowam etdirýärler.

Hawa, «Agzybire aş iner...» diýen atalarymyz müň keren mamla. Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, döwletli tutumlaryň, il ykbalynyň, toý-baýramlaryň geňeşini edýän ilimize agzybirlik, jebislik, rysgal-bereket bolup dolýar. Gojalary parasatly, goç ýigitleri gaýratly, gelin-gyzlary uýatly şeýle bagtyýar ýurtda toýlar içre ýaşamak ýollaryň rowanlygydyr.

Ogulbeg JUMAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

27.09.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY