ÖZ-ÖZI DOLANDYRYLÝAN AWTOBUSLARYŇ ŞÄHERI

«Akylly şäher: dünýä tejribesi we nukdaýnazar» rubrikasy

     Adatça biziň köpümiz köp gatly jaýlarda ýaşaýarys. Munda elektrik we lagym ulgamlarynda köp sanly bökdençlikler yzygiderli döreýär. Awtobus peteklerini sürüjiden ýa-da konduktordan satyn alýarys. Bu bolsa, dyknyşykly ýagdaýlarda kynçylyk döredýär. Tebigatymyzy arassa saklamaga we aýawly garamaga biparh garalýan wakalaryň gaýtalanyp durýandygy sebäpli, adamlaryň ýaşaýşynda nogsanlyklar häli-şindi döreýär. Ine, şeýle ýagdaýlaryň çözgüdi sanly IT tehnologiýalaryna esaslanýan akylly şäherlerde bar. Sebäbi bu şäherlerde ýokarda agzalýan meseleler innowasion tehnologiýalaryň hyzmaty arkaly çözülýär. Şeýle çözgütlere bu gezekki gürrüň bermek isleýän Helsinki şäherinde hem giň orun berilýär. Bu gezek siziň ünsüňizi Helsinki şäherine çekmek bilen, geljekde syýahatymyzyň gerimini has-da giňeltmek arkaly Amsterdam, Taýbeý, Seul, Wena, Melburn, Sidneý ýaly akylly şäherleriň akylly mümkinçiliklerini tanyşdyrmagy maksat edinýäris.

     Helsinki şäherinde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak şeýle amala aşyrylýar: dolandyryjylar innowasiýa ösüşleri üçin bäsdeşlik yglan edýärler we ýeňijiler grant esasda synaglary geçirmek mümkinçiligini alýarlar. Dolandyryjylar ylalaşandan soňra, onuň şäher gurşawynda durmuşa geçirilişine gözegçilik edýär we işläp düzüjilere şäher gurşawy barada iň täze maglumatlary ýetirýär. Finleriň pikrine görä, taslamalary durmuşa geçirmekde pikir-garaýyşlara garanda, synaglaryň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin bolsa gerek, şäher dürli taslamalar boýunça synag meýdançalarynyň merkezine öwrülýär.

     Akylly şäherleriň ýaşaýjylary öz telefonlaryny ulaglaryň bir görnüşinden beýlekisine aňsatlyk bilen islendik ýere rahat syýahat etmäge mümkinçilik berýän ulag integrasiýa hyzmatlaryna birikmek üçin ulanýarlar. Bu bolsa, ýaşaýjylara syýahat etmäge oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Bilermenler ulag integrasiýa hyzmatlaryny şeýle  mahabatlandyrýar: “Telefonlarynyňyzdaky programma ähli ulag zerurlyklaryňyza üns berer, islendik ulag görnüşinde islän ýeriňize barmagyň iň gowy ýoluny tapar we bir ulgam arkaly ulag hyzmatlary üçin amatly töleg tölemäge mümkinçilik berer. Saýlanan ulag integratory bilen baglaşylan şertnamaňyza baglylykda, ulag görnüşine garamazdan, hyzmatlary ulananyňyzda töläp bilersiňiz, belli bir wagt üçin öňünden tölenen hyzmat bukjasyna sargyt edip bilersiňiz ýa-da soň töläp bilersiňiz”.

     Öz-özi hereketlenýän awtobuslar Helsinkide 2016-njy ýyldan bäri işleýär.  Şeýle awtobuslar kiçi görnüşde bolup, gysga aralyga hereketlenýärler. Ýolagçylar peteklerini kassalardan däl-de, telefonlardaky ykjam programmalardan onlaýn satyn alýarlar. Şäherdäki çagalar baglarynda howsala düwmeleriniň ulgamy ornaşdyryldy. Adatdan daşary ýagdaýlarda şol düwmeleriň üsti bilen çaganyň howpsuzlygy kepillendirilýär. Bu bolsa, dürli howsalaly ýagdaýlaryň öňüni almaga ýardam edýär.

     2020-nji ýylda Helsinkide «Smart & Clean» çözgütleri üçin dünýäde ilkinji synag platformasy amala aşyryldy. Bu taslama Finlýandiýanyň bioekonomiýa, arassa tehnologiýa we sanlaşdyrmak boýunça dünýäde öňdebaryjy bolmak maksadyny öňe sürýär. Bu bolsa, işiň ähli ugurlarynda ösen akylly tehnologiýalary we hyzmatlary ulanmak arkaly durnukly ösüşi we sagdyn, bagtly durmuş ýörelgelerini ösdürýär. Platformada akylly suw ulgamy we galyndylary dolandyrmak, sarp edijiler üçin arassa tehnologiýalary üpjün etmek ýaly oňaýlyklar göz öňünde tutulýar.

     Akylly şäherler akylly mümkinçilikleri bilen dünýäni haýrana goýýar. Oňaýly mümkinçilikler ýaşamak üçin amatly gurşawy döretmän, eýsem her birimiziň durmuşymyzy gözelleşdirýär.

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,

žurnalist, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar