ENE HÜWDÜSI

     Paýhasly pederlerimiz uzak taryhy dowürleriň dowamynda maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, olary kem-kemden kämilleşdirip, nesillere miras galdyrypdyrlar. Bu gymmatlyklar ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan halypa-şägirtlik ýoly bilen hem-de halkyň hakydasy arkaly biziň döwrümize-de gelip ýetipdir.

     Maddy we ruhy gymmatlyklaryň ähli görnüşleri hem halk döredijiligidir. Çünki hatar gurap oturan türkmen obalarynyň her bir öýünde bir iş bilen meşgullanylypdyr. Kimler zergärçilik bilen meşgullansa, käbir öýlerde haly, tara, çäkmen dokalypdyr, possun tikilipdir, keşde çekilipdir, bedewler seýislenilipdir, maldarçylyk, ekerançylyk bilen meşgullanylypdyr. Bular maddy gymmatlyklary döredijilerdir. Ruhy baýlyklary döredijiler we ýaýradyjylar bolan şahyrlar, bagşy-sazandalar bolsa halky eserleri döredip, ile ruhy lezzet paýlapdyrlar. Halka ruhy iýmit paýlaýanlaryň sylag-hormaty uly bolupdyr. Olary diňlemek üçin hatda goňşy obalara-da gidipdirler. Çünki adama ruhy iýmit zerurdyr.

     Maddy we ruhy miras medeni mirasyň özenini düzýän gymmatlyklardyr. Maddy miras gözleriňi dokundyrsa, ruhy miras adamlary kämillige atarýar, dynç berýär, terbiýeleýär, dogry ýola salýar, maslahat berýär. Ol ruhy gymmatlyklaryň gözbaşynda halk döredijilik eserlerimiz hem bardyr. Şol dürdäne eserleri döredenler hem biziň ene-mamalarymyzdyr, ata-babalarymyzdyr. Bu ajaýyp eserler durşy bilen pähim-paýhasa ýugrulan genji-hazynadyr, tükeniksiz baýlykdyr. Halkyň döreden dürdäne eserleriniň şu günlerde hem terbiýeleýjilik hyzmaty uludyr. Eneleriň mähri siňen hüwdüler, pederlerimiziň paýhasy bilen dörän nakyllar, gülki paýlaýan şorta sözler, ýomaklar, degişmeler we beýleki kän sanly ajaýyp eserler ilhalar, watansöýüji we ruhubelent nesilleri kemala getirmäge ýardam beripdir.

     Halk döredijiligi eserleri beýik şahsyýetleri terbiýelemekde hem iňňän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ene-atalar tarapyndan perzentleriň aňyna guýlup gelnen bu baý hazyna öňi bilen Watanyňy söýmegi, ýagşy niýetli bolmagy, zähmetsöýerligi, ak ýürekliligi, halal ýaşamagy, özüňden ululary sylamagy, kiçileri söýmegi, umuman, özüňe bagyş edilen ömri mynasyp ýaşamagy öwredýär. Ol eserler halkymyzyň milli aýratynlygyny, däp-dessurlaryny, ynançlaryny, alkyş-dileglerini dolulygy bilen şöhlelendirýär.

     Türkmeniň mukaddes, keramatly ojagynyň törüniň ýaraşygy bolan sallançak ýanynda aýdylýan, ene kalbynyň täsin owazy bolup ýaňlanýan hüwdi bentleri nesilleri söýgülemegi dowam etdirýän ruhy baýlykdyr. Ajaýyp mahmal owaza ýugrulan hüwdi, bir tarapdan, kiçijik çagany meýmiredip uka batyrsa, başga bir tarapdan, şirin owaza diňşirgenip, manysyny kalbyna siňdirip oturan uly ýaşly çagalaryň terbiýesine-de güýçli täsir edýär. Ene hüwdüsi terbiýäniň gözbaşydyr.

     Ýedi çileden çykarylan çagany, milli ynanja görä, enesi ýa-da mamasy sallançaga salyp hüwdüläp başlaýar. Ol ýol başlap berenden soň, ýaş çagany gyz dogany, ejesi, enesi, mamasy maşgaladaky aýal-gyzlaryň ählisi hem huwwalap biler. Hüwdülerde durmuşda gabat gelýän ähli zatlar barada söhbet açylýar. Hüwdüleriň her bendinde edep-terbiýe, mähir-muhabbet bar. Hüwdi setirlerinden çaga bildirilýän söýgi, ynam-umyt, ýagşy niýet barada kän zat öwrenmek bolýar. Olarda çaganyň geljegi barada süýji arzuwlar beýanyny tapýar:

Allan-allan alaýyn,

Sallançaga salaýyn,

Saňa gelen belany

Daga, daşa ýollaýyn.

ýa-da:

Meniň oglum han ýigit

Eker bagynda çigit.

Atlanyp awa çyksa,

Ýanynda segsen ýigit.

Segsen ýigidiň serdary,

Öz öýlerniň mydary.

ýa-da:

Oglum meniň ner bolar,

Arslan bolar, şir bolar.

Ulalyp, gulluk etse,

Uly serkerde bolar.

ýa-da:

Aýgözelim otursyn,

Eline ýüwse ötürsin.

Akja keçäň üstünde,

Gaýma gaýap otursyn.

ýa-da:

Aýlan, aýlan, aýlançak,

Akar suwlar bulançak,

Altmyş başly ak öýüň

Ýaraşygy sallançak

     Görnüşi ýaly, hüwdülerde her bir setir çuňňur manydan doly, olarda enäniň çagasyna bolan söýgüsi, arzuwy, nesihaty beýan edilen. Hüwdi – halk döredijiligiň bir görnüşi bolup, esasan hem enelerimiz tarapyndan çagalara aýdylýan aýdym äheňli goşgylar. Hüwdüler özünde pendi-nesihatlary jemleýän setirler, aňyrsynda çuňňur many ýatan türkmen enäniň çagasyna aýdýan söýgüden doly sözleri.

     Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan hüwdi esasan hem çaga sallançakda we enäniň gujagynda ýatanda aýdylýar. Hüwdüniň jadyly owazy çagany tiz we rahat ýatyrýar. Hemmämiz hüwdüler bilen ulaldyk diýsek ýalňyşmarys. Her bir türkmen maşgalasynda, çagaly öýlerde hüwdüniň sesi belentden ýaňlanýar. Hüwdi türkmen dessanlarynda, hekaýalardyr-rowaýatlarda hem ýer alýar. Hüwdüler köplenç dört setirden ybarat bolýar, şol setirleriň daşyndan, ýagny soňunda «hüwwa-hüw» diýlip hiňlenilýär, şu hiňlenmelerden hem “hüwdi” sözi gelip çykýar diýip dürli çeşmelerde aýdylýar.

 

RÖWŞEN MAKSATMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI