PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

     Ene söýgüsi iň mukaddes söýgüdir. Ene mukaddesligiň naýbaşysydyr. Çaganyň dil açanda aýdýan ilkinji sözem «eje» sözüdir. Perzendiň sallançakda ýatyrka, ilkinji eşidýän aýdymy ene hüwdüsidir.

     Danalaryň bellemegine görä, «Söýgüniň bar sagadynda tutuş ömür bar». Diýmek, her bir perzent öz söýgüsi, gadyr-gymmaty, sarpasy bilen enelerimiziň ömrüne ömür goşýar.

     Perzent terbiýesi ýeňil-ýelpaý iş däl. Enäni ýere, atany daýhana meňzetmek isleýärin. Çünki perzendiň köki ýerde bolýar, ata halallyk bilen tapyp gelip, oňa azyk berýär, nätanyş otlardan goraýar. Ata-enäni suratkeş hökmünde görsek, perzende dünýä nähili derejede suratlandyrylyp berilse, şol derejede kabul edýär. Bu durmuşda ata-ene aktýor bolup, sahnada rol oýnaýar, perzent bolsa tomaşaçy.

     Köp çagaly maşgalalarda her çaganyň öz häsiýeti, edim-gylymy bar. Her çaga her tüýsli bolýan bolsa-da, mynasyp berlen terbiýäniň çagalary bir maksada – edeplilige, asyllylyga, halallyga gönükdirýändigini hiç wagt ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Olaryň häsiýet-gylyklarynyň aýry-aýrylygyna garamazdan, ählisine düşünýän enelik söýgüsiniň ylahydan berilýän serpaýdygy bolsa, mälim hakykat.

     Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly parasatly pähimi bolsa, biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

 

Altyn HOJAMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 151 okalan

GELJEGIŇ BINÝADY — ÝAŞLARYŇ SESI

07 Noýabr 2025 | 264 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – WATAN DAÝANJY

07 Noýabr 2025 | 209 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM