Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekiniň hytaý dili we medeniýeti okuw jaýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda «Merkezi Aziýa ýurtlaryň hytaý dilini öwredýän mugallymlary üçin hytaý dilini okatmak» atly okuw maslahaty geçirildi. Iki hepde dowam eden bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň dört ýokary mekdebiniň ýagny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hytaý dili mugallymlary gatnaşdylar. Şonuň ýaly-da bu bilim ojagy Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan ýaly döwletleriň wekillerini hem bir ýere jemledi.
Geçirilen okuw maslahatynyň açylyş dabarasy ady agzalan bilim edarasynyň baş binasynda guraldy. Dabarada çykyş eden mugallymlaryň ýolbaşçy düzümi hytaý ülkesinde guralýan şeýle okuwlaryň maksady we olaryň tejribe alyşmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Birinji sapak Hytaý döwletiniň aýratynlygy bilen, taryhy, ýaşaýyş şerti, ykdysadyýeti bilen içgin tanyşdyrdy. Şeýle-de hepdäniň dowamynda geçilen her bir sapak hytaý diliniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hytaýyň mugallymlary dürli tarapdan bu dili ýaşlara öwretmekde özleriniň okadyş usulyýetlerini paýlaşdylar. Hytaý dilini ele almakda ilki bilen mugallymyň okuwçylara edýän täsiri, dili öwrenýän ýaşlar bilen pedagogik çemeleşme hakynda dünýä tejribesinden mysallar getirildi. Şeýle-de maslahatyň çäklerinde Pekiniň iň öňdebaryjy ýokary okuw jaýy bilen ýörite tanyşlyk guraldy. Soňra mugallymlardan düzülen wekiliýet hytaýyň adada ýerleşýän Siamyn uniwersitetini aýlanyp gördüler. Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde dilçi ýaşlaryň arasynda geçirilen özara pikir alyşmalar, ata Watanymyzda hytaý dilini öwretmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň bermek bizi has-da buýsandyrdy. Bu bolsa bizi mugallymçylyk işimizde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýan, ýaşlara dünýä dillerini öwretmekde ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.