Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň bilelikde yglan eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny döretmek boýunça bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
I.Umumy düzgünler
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary boýunça her ýyly ähmiýetli şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge, her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň baýramçylyk hökmünde halkara derejesinde giňden bellenip geçiljekdiginden ugur alyp, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda bäsleşik yglan edilýär.
Bäsleşigiň Düzgünnamasy şu bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
II.Bäsleşigiň maksady
Bäsleşik 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak hem-de onuň nyşanyny döretmek bilen bagly halkymyzyň, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda täzeçillik başlangyçlary ýokary derejede dowam etdirmek, ýaşlaryň tekliplerini, pikir-garaýyşlaryny öwrenmek maksady bilen geçirilýär.
III.Bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri
1. Bäsleşige ýurdumyzyň 14-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler.
2. Bäsleşige hödürlenýän işler 2024-nji ýylyň 2-nji dekabryna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine ibermeli.
3. Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde jemlener.
4. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden saýlanyp gelen 20 (ýigrimi) sany atlaryň we nyşanlaryň netijesinde 5 sany tapawutlanan ýaşlar saýlanýar hem-de olar şu aşakdaky temalar boýunça eminler tarapyndan kesgitlenýär:
– “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak”
– “Dialog – parahatçylygyň kepili”
– “Ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli, hoşniýetli içeri hem daşary syýasat ugry we oňyn Bitaraplyk taglymaty”
Eminler toparynyň agzalarynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk düzümi gatnaşan ýagdaýynda topar çözgüt çykarmaga ygtyýarly hasap edilýär. Eminleriň hersiniň 1 (bir) sesi bardyr.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça çözgüt eminler toparynyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň beren sesleriniň sanyna laýyklykda kabul edilýär hem-de baýrakly orunlar kesgitlenilýär.
5. Jemleýji tapgyra hödürlenen atlaryň we nyşanlaryň hem-de gatnaşyjylar öz resminamalaryny elektron görnüşde şu salga tmyg.medeniyetbolumi@gmail.com (goşunda laýyklykda) ugratmaly.
6. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 1 (bir) ady we 1 (bir) nyşany bäsleşige hödürlenilýär. Nyşan bilen adyň sazlaşmagy zerurdyr. Şeýle hem, nyşanlaryň ýüzündäki şekilleriň her biriniň aýratynlykda many-mazmun taýdan düşündiriliş tertibi bolmaly.
7. Ýaşlar eziz Watanymyza, ene topragymyza, Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna, milli medeniýetimize, medeni taryhy gymmatlyklarymyza, hoşniýetli goňşuçylyk däplerimize, döwletimiziň nusgalyk ynsanperwer işlerine, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyga, halkara derejesinde ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän taryhy Kararnamalara, halkara ýaşlar dialogynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen ýaşlarynyň halkara ýaşlar assosiasiýalaryna we ýaşlar klublaryna gatnaşmaklarynyň goldanylmagyna, şeýle hem döwrebap asylly başlangyçlara bolan söýgüsini beýan edýän kompýuter grafika görnüşinde, A3 ölçegden kiçi bolmadyk hem-de sergilenmek maksady bilen, çarçuwalanan (ramkaly) we ozal bäsleşiklere hödürlenmedik nyşanlary we atlary hödürläp bilerler.
8. Bäsleşigiň ýeňijilerini saýlamak we sylaglamak eminler toparyna degişlidir. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň hödürlän atlaryna we taýýarlan nyşanlaryna, atlaryň we nyşanlaryň many-mazmunyna we çeperçilik derejesine, hiline we özboluşlylygyna baha berýär. Eminler toparynyň agzasyna netije çykarmak üçin eminler toparynyň beýleki agzalary bilen maslahatlaşmaga hukuk berilmeýär.
9. Bäsleşikde I, II, III orunlara mynasyp bolan ýaşlara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104 jaýy;
Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-88-55; 44-89-99.
Elektron salgy: tmyg.medeniyetbolumi@gmail.com