Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 7-12-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumlary bu gün Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirilmegine, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ýaş neslimiziň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, ýaşlara innowasiýa we maglumat tehnologiýalara ugrukdyrmak we höweslendirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigi yglan edilýär.
I.Umumy düzgünler
1.Şu Düzgünnama “Ýaş robototehnikaçy” atly bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.
2.Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan gurnalýar.
3.Bäsleşik “Akylly öý” we “Robototehnika” iki görnüş boýunça okuwçylar özara bäsleşerler.
4.Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar, adam gatnaşyklary, birek-birek bilen ýardamlaşma, sypaýyçylyk ýaly türkmeniň milli gylyk-häsiýetlerinden we ýörelgelerinden ugur alýarlar.
5.Bäsleşik Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda, şenbe güni geçiriler.
6.Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 7-12-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylary gatnaşyp biler.
7.Okuwçylaryň bäsleşige gatnaşmak üçin, gelmek-gitmek, naharlanmak, galmak ýaly meseleleri, gatnaşyjylaryň özlerine degişlidir.
8.“Ýaş robototehnikaçy” atly bäsleşigine gatnaşyjylara bahalandyrmak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilýär.
9.Bäsleşigiň çäginde gatnaşyjylar we myhmanlar bellenilen eminler toparynyň görkezmeleri boýunça hereket etmelidir.
10.Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
11.Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşige gelende, orta mekdepleriň “Mekdep lybasy” düzgünleriniň talaplaryny doly ýerine ýetirmelidir.
12.Bir bäsleşige gatnaşýan okuwça ikinji bäsleşige gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
13.Bäsleşige gatnaşyjylar 23.11.2024 senesine çenli https://forms.gle/exCfb7BCqR5gUxKDA gysga salgynyň ýada aşakda görkezilen QR salgysynyň kömegi bilen bäsleşige öňünden ýazylmalydyr.
14.Bäsleşik wagty başlandan, tamamlanýança gatnaşyjylar, gatnaşýan ugurlaryna görä öz ýerlerinde durmaga borçlydyr.
15.Eminler tarapyndan çagyrylan her bir gatnaşyjy, gyssagly eminleriň ýanyna barmaga borçlydyr.
16.Bäsleşigiň dowamynda öz ýerine durmadyk gatnaşyjy soň bäsleşige gatnaşyp bilmeýär.
17.Gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda doly taýýar ýagdaýda, taslamalary bilen bilelikde bäsleşik başlamazdan öň gözden geçirilişige gelmäge borçlydyr.
18Her iki bäsleşikde hem eminler toparynyň agzalarynyň saýlan 1-nji, 2-nji, we 3-nji orunlary ýeňiji diýlip yglan ediler.
19.Ýeňijiler, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat baha sowgatlary bilen sylaglanýar.
II.“Akylly öý” taslama-döredijilik bäsleşiginiň düzgünleri:
1.“Akylly öý” taslama-döredijilik bäsleşiginde okuwçylar ýekelikde, hut öziniň taýýarlan taslamalaryny tanatmak, gürrüň bermek görnüşinde bäsleşerler.
2.“Akylly öý” taslamalar döredijiligi babatynda erkin bolup, okuwçy öz islegine görä kämilleşdirip biler.
3.Taslamalaryň göwrümi, agramy ýada ulanylýan enjamlary bilen baglanyşykly çäklendirme ýokdur.
4.Eminler topary taslamalaryň; hiline, täzeçilligine (innowasiýasyna), ulanmaga ukylylygyna, maddy taraplaryna, okuwçynyň taslamany beýan edişine baha bererler.
III.Robototehnika bäsleşiginiň düzgünleri:
1.Robot bäsleşiginde okuwçylar ýekelikde, öz taýýarlan robotlarynyň ukyplaryny görkezer.
2.Her bir robodyň, programmirlemesi, elektronikasy, mehanikasy doly derejede, gatnaşyjy tarapyndan taýýarlanan bolmalydyr. (eminler anyklamak üçin dürli soraglary berip bilýärler)
3.Robotlar 2.5 minudyň dowamynda berlen ýumuşlary ýerine ýetirýärler.
4.Her bir roboda 2 gezek synanyşmaga (Gatnaşyjylar az bolan ýagdaýynda eminleriň karary bilen 3 gezek hem synanyşyp biler) rugsat berilýär.
5.Robotlar berlen wagtyň dowamynda ýerdäki topjagazlary ýygnap, 70 sm beýiklikdäki gaplara goýmaga çalyşýar, we berlen wagtyň soňky sekuntlarynda final üçin niýetlenen duralgada durýarlar. Meýdançada jemi 50 sany top bar.
6.Ballar her top üçin 1 baldan we final duralgasyna park edilen ýagdaýynda 1.5 e köpeldilýär (toplar x 1.5 = umumy bal).
7.Robot park ýerine doly münip bilmedik ýagdaýynda onda diňe ýygnalan toplaryň ballary berilýär.
8.Bellenilen wagtyň dowamynda gatnaşyjylardan biri ýada ondan köpi wagtyndan ir toplary dol ýygnan bolsa onda oýun üçin niýetlenen wagta görä ýeňijiler saýlanýarlar.
9.Bäsleşik meýdançanyň ölçegleri suratlarda görkezilen.
10.Robotlaryň ölçegleri: ini 50 sm, uzynlygy 50 sm boýy hem 50 sm çenli bolmagyna rugsat edilýär.
11.Robot taýýarlananda motor, serwo motor, batareýa ýaly enjamlarda çäk ýok (näçe islese ulanyp biler).
12.Robot programmalaşdyrylanda diňe Arduino toplumunyň platalary (Uno, Mega, Nano, we ş.m) ulanylýar.
Ýazylmak üçin QR kod
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi:
+993 12 448872; +993 12 448809
E-mail salgymyz: sanlyulgam.bolum@yashlar.gov.tm