Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda yglan eden “Merdana nesil – 2024” atly şadyýan bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir.” diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak, şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda “Merdana nesil – 2024” atly şadyýan bäsleşigini yglan edýär.
Kiçi ýaşly oglanlary merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däplerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olarda kiçilikden hünär öwrenmäge höwes döretmek, şeýle-de olaryň hakyky watançy ýigitler bolup ýetişmeklerini gazanmak bäsleşigiň esasy maksatlary bolup durýar.
I. Umumy düzgünler
1. Şu Düzgünnama “Merdana nesil – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.
2. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan, ozal “Merdana nesil – 2024” atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy oglanlar gatnaşyp bilerler.
3. “Merdana nesil – 2024” atly şadyýan bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlaryny bahalandyrmak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat bolan eminler topary döredilýär. Eminler topary okuwçy oglanlaryň her bir çykyşyny 5 (bäş) bahaly ulgam esasynda bahalandyrýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlenilýär. Eminleriň beren bahalary deň çykan ýagdaýynda, orunlar degişlilikde köpeldilip bilner. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
II. Bäsleşigiň geçiş tertibi:
1. Bäsleşik ýurdumyzyň çäginde hereket edýän ähli umumybilim berýän mekdeplerinde gurnalyp, şu aşakdaky dört tapgyrda geçiriler:
- Birinji tapgyr 2024-nji ýylyň 6-15-nji noýabry aralygynda umumybilim berýän mekdeplerde;
- Ikinji tapgyr 2024-nji ýylyň 18-23-nji noýabry aralygynda etraplarda we şäherlerde geçirilip, bu tapgyra bäsleşigiň mekdep tapgyrynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän okuwçy oglanlar gatnaşarlar;
- Üçünji tapgyr welaýatlarda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 2024-nji ýylyň 25-nji noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda geçiriler. Bu tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän okuwçy oglanlar gatnaşarlar;
- bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçirilip, bu tapgyra bäsleşigiň welaýatlarda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde geçirilen tapgyrlarynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän okuwçy oglanlar gatnaşarlar.
III. Bäsleşigiň şertleri:
1. Türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek (3 minut).
2. Ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek (3 minut).
3. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmek (5 minut).
IV. Gerekli resminamalar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat, Arkadag şäher Geňeşleriniň mejlisleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky kararlary, ýeňiji bolan oglanlar barada şu aşakdaky resminamalary 2 (iki) nusgada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2024-nji ýylyň 2-nji dekabryna çenli ibermeli:
- maglumat (maglumat we üç arka);
- dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;
- 3х4 ölçegdäki surat (4 sany);
- okaýan mekdebinden kepilnama.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýragy, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelän ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlaryna işjeň gatnaşan we tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55, 44-88-85;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.