«ÝAŞLYGYMYŇ BAHARY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

Milli bahar baýramy mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýaşlygymyň bahary» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri hem-de olaryň milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

     Gün-günden özgerýän Garaşsyz Watanymyzyň belent ösüşlerinde ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Zehinli ýaşlarymyz öz döredijiliginde berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar halkymyzy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Milli baýramçylyklarymyz mynasybetli ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalary Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmegi ýola goýdy. Şol bäsleşikler täze-täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna giň mümkinçilik döredýär» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Milli bahar baýramy mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Ýaşlygymyň bahary» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

     Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary milli ruhly, döwrebap eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.

     Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

     –– bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

     –– bäsleşik goşgulary, publisistik makalalary, hekaýalary, şahyrana oýlanmalary (erkin temada) ýazmak boýunça geçirilýär;

     –– bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Ýaşlygymyň bahary» döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen, özleri baradaky maglumatlary (doglan senesini, wezipesini, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgisini) ýazyp, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli;

     –– bäsleşige hödürlenen eserler 2025-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli kabul edilip, eserleriň iň gowulary eminler topary tarapyndan saýlanyp-seçiler.

     Bäsleşigi jemlemegiň tertibi:

  • iň gowy goşgular üçin:

1 sany baş baýrak;

1 sany 1-nji orun;

2 sany 2-nji orun;

3 sany 3-nji orun;

2 sany höweslendiriji baýraklar bellenilen.

  • iň gowy publisistik makalalar üçin:

1 sany baş baýrak;

1 sany 1-nji orun;

2 sany 2-nji orun;

3 sany 3-nji orun;

2 sany höweslendiriji baýraklar bellenilen.

  • iň gowy hekaýalar we şahyrana oýlanmalar üçin:

1 sany baş baýrak;

1 sany 1-nji orun;

2 sany 2-nji orun;

3 sany 3-nji orun.

2 sany höweslendiriji baýraklar bellenilen.

 

     — bäsleşik 2025-nji ýylyň mart aýynda jemlener.

     — bäsleşigiň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

 

     Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly – 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany.

     E-mail salgysy: edebiyatwesungat@sanly.tm

 

     Habarlaşmak üçin telefonlar:

     «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy: 38-62-33; 38-62-17.

 

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

     Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.

Meňzeş habarlar