«ÝAŞLAR — ÝURDUŇ GELJEGI, ÝAŞLYK — ÖMRÜŇ GÜLŞENI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli yglan eden «Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynda: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda dürli ugurdan bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, bäsleşigiň maksady ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi

  • Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.
  • Döredijilik bäsleşigi haýsydyr bir anyk ugurlar bilen çäklenmeýär we eserler dürli ugurlar boýunça kabul edilýär. Bäsleşige her awtor özüniň 2 sany eserini hödürläp biler, eserleriň ozal hiç ýerde çap edilmedik bolmagy hökmany talapdyr.
  • Döredijilik bäsleşigine gatnaşýanlar hakynda doly maglumatlar şu aşakda görkezilen nusgada iberilmelidir:

 

Işleýän edarasynyň ýa-da okaýan okuw mekdebiniň ady

 

Familiýasy

 

Ady

 

Atasynyň ady

 

Okaýan ýyly

 

Telefon belgisi

 

E-mail (elektron salgysy)

 

 

  • Eserler ««Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen şu aşakda görkezilen salga ýollanylmalydyr:

     Aşgabat şäheri, 744000, Garaşsyzlyk şaýoly, 104-nji jaýy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasy. Elektron salgymyz: ArkadaglyYashlar@gmail.com

     Bäsleşige hödürlenilýän eserler, şu bäsleşigiň Düzgünnamasynyň «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynda we www.yashlar.gov.tm resmi saýtynda çap edilen gününden başlap, 2024-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli kabul edilýär.

     Bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli, 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde jemlener.

     Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

     Döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň iň gowulary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi saýtynda hem-de «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynda çap ediler.

 

     Habarlaşmak üçin telefon: 44-88-80.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK