Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek hakynda
DÜZGÜNNAMASY
I.Umumy düzgünler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň Ýer ýüzündäki adamlaryň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.
Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Ýaşlar guramasynyň öňünde duran esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.
Şonuň ýaly-da, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmek, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmak, ýaşlarda halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Men “Watan” we “halk” diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn.” diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär we olaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, döredijilikli işlemegine ähli mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryny ýüregine siňdirip, ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, halk üçin, Watan üçin işlemek galýar.
Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri netijesinde, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlary ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglaýar.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş edýän ýaşlar ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet edara-kärhanalary, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralary, ýokary we orta hünärment okuw mekdepleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenip bilner.
Baýraga hödürlenýänleriň resminamalary degişli etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalarynda bellenen tertipde kabul edilýär. Resminamalaryň kabul edilen wagty we beýleki maglumatlar aýratyn kitapçada hasaba alynýar.
Resminamalarda baýraga hödürlenýänleriň soňky 3 ýylyň dowamynda bitiren hyzmatlary hem-de gazanan üstünlikleri, döredijilik işleri, guramaçylyk başarnygy, jemgyýetçilik işjeňligi baradaky maglumatlaryň we onuň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýändigi hakynda degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň umumy maslahatynyň kararynyň bolmagy hökmandyr.
Edaralar we guramalar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýän zehinli ýaşlaryň baýraga mynasyplarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin olaryň ýerlerde çykyş etmeklerini guramaly, olar bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri geçirmeli.
Baýraga hödürlenýänleriň ýaşy 16 – 35 ýaş aralygynda bolmaly. Baýraga ozal ýeňiji bolan ýaşlara gatnaşmaga hukuk berilmeýär.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy ýylda bir gezek berilýär. Baýraga hödürlenýänleriň resminamalary ýylda bir gezek şol baýrak hakyndaky Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, ýerli etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalarynda kabul edilýär.
Etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalary baýraga hödürlenenleriň içinden iň mynasyplaryny saýlap-seçip, olary öz mejlisleriniň kararlary bilen welaýatlaryň we Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň Ýaşlar guramalaryna tabşyrýarlar.
Welaýatlaryň we Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň Ýaşlar guramalarynyň mejlislerinde baýraga hödürlenýänleriň resminamalaryna seredilýär hem-de okuwda, zähmetde, jemgyýetçilik, wagyz-nesihat işlerinde has tapawutlanan ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlemek barada karar kabul edilýär. Şondan soňra welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça saýlanyp alnan ýaşlaryň resminamalary şol karar bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisiniň garamagyna berilýär.
II.Resminamalaryň taýýarlanylyşy
Resminamalar baýraga hödürlenýänleriň her biri üçin bir nusgalykda taýýarlanylýar. Şol resminamalar baýraga hödürleýän edara-kärhana tarapyndan hem-de etrap, şäher, welaýat Ýaşlar guramalary tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.
Baýraga hödürlenýäniň resminamalary we onuň sanawy bellenen tertibe laýyklykda bir bukjada ýerleşdirilmeli.
Baýraga hödürlenýäniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalyk şahadatnamasy bolmaly;
Resminamalarda baýraga hödürlenýäniň (ady, atasynyň ady, familiýasy, doglan ýyly, milleti, öý salgysy pasport boýunça dogry ýazylmaly we onuň okaýan ýa-da işleýän ýeri) doly hem dogry görkezilmeli.
III.Kabul edilýän resminamalaryň sanawy
Baýraga hödürlenýäniň 3x4 ölçegdäki 6 sany reňkli fotosuraty, şahsy maglumaty (maglumat we üç arka) çykarylan hem-de elektron görnüşinde bolmaly (Aýratynlykda gysgaça maglumat görnüşinde familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan güni, aýy, ýyly, wezipesi, gulluk we öý salgysy hem-de telefon belgisi);
Baýraga hödürlenýäniň agzalyk şahadatnamasynyň hem-de pasportynyň nusgasy we işleýän bolsa zähmet depderçesiniň nusgasy tassyklanan bolmaly;
Baýraga hödürlenýäniň işiniň jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilenligi baradaky subutnamalar, ýagny gazanan üstünlikleri üçin berlen hormat hatlarynyň, diplomlaryň we beýleki baýraklaryň nusgasy hem-de halk köpçüliginiň we jemgyýetiň öňünde eden işlerini görkezýän fotosuratlar, CD we DVD ýazgylary, metbugatda çap edilen döredijilik işleriniň nusgalary;
Baýraga hödürlenýän edara-kärhanalaryň, guramalaryň häsiýetnamasy we etrap, şäher, welaýat Ýaşlar guramalarynyň mejlisleriniň beýanyndan göçürme gol çekilip, möhür basylyp, tassyklanan bolmaly.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýän işler, resminamalar jemlenenden soňra, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisi tarapyndan seredilýär we tassyklanylýar. Şol mejlisde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek barada jemleýji karar kabul edilýär we ol metbugatda çap edilýär.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar.
Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri welaýatlaryň we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden Ýaşlar baýragyna hödürlenýän ýaşlar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrna çenli ibermeli.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-88-55;