GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ HOWANDARLYK ETMEGINDE «BIZ, ARKADAG SERDARLY WATANYŇ BAGTYÝAR NESILLERI» ATLY SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

I. Umumy düzgünler

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgüsini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi (mundan beýläk – bäsleşik) yglan edilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy (mundan beýläk – Gazna) tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň Düzgünnamasy şu bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

II. Bäsleşigiň maksady

Ýurdumyzyň mizemez binýadyny halallykdan, agzybirlikden we tutanýerli yhlasdan guran Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletlilik ýoly bilen dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri hem bu işlerde nusga alarlykdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen jümlelerinden hem-de Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyndan ruhlanyp, çagalarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, döredijilik bilen meşgullanmaga, sungata, surat çekmäge höwes döretmek, olaryň özbaşdak döredijilik ukyplaryny goldamak we ösdürmek, bilesigelijilik, çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek maksady bilen, Gazna tarapyndan çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň arasynda «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi geçirilýär.

III. Bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri

1. Çagalaryň arasynda yglan edilen «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly zehin bäsleşigine ýurdumyzyň 14 (on dört) ýaşa çenli çagalary gatnaşyp bilerler.

2. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň I tapgyryna, ýagny ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden bäsleşige hödürlenen işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher Geňeşleriniň we medeniýet müdirlikleriniň guramaçylyk toparlaryna hödürlener. Ýerli guramaçylyk toparlary ýurdumyzyň welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden bäsleşige hödürlenen işler seljerip, jemleýji tapgyryna mynasyp görlen 50 (elli) sany işi we olaryň awtorlary baradaky şahsy maglumatlary 2024-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine ýollaýar.

3. Bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, Gazna tarapyndan guramaçylyk we eminler toparynyň düzümi tassyklanýar.

4. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden saýlanyp gelen 50 (elli) sany işiň netijesinde 5 (bäş) sany tapawutlanan has zehinli çagalar saýlanyp, olar şu aşakdaky temalar boýunça eminler tarapyndan kesgitlenen wagtda surat çekip görkezýärler.

1. «Meniň Watanymyň gözel ýerleri»

2. «Milli baýramçylyklarymyz»

3. «Sport – sagdynlyk, ruhubelentlik»

4. «Dünýä dursun parahat!»

Döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň agzalarynyň hersiniň bir sesi bardyr. Bäsleşigiň netijeleri boýunça çözgüt eminler toparynyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň beren sesleriniň sanyna laýyklykda kabul edilýär we welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden gatnaşan çagalara degişlilikde I, II, III orunlar kesgitlenilýär.

5. Jemleýji tapgyra hödürlenen işleriň ýany bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine şu aşakdaky resminamalary ýollanylmaly:

a) okaýan mekdebinden kepilnama;

b) maglumat (görnüş №1, görnüş №2), iki nusgada;

ç) 3х4 ölçegdäki 4 sany surat;

d) dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi, iki nusgada.

6. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 1 (bir) işi bäsleşige hödürlenilýär.

7. Çagalar eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza, milli mirasymyza bolan söýgüsini beýan edýän, 30x40 sm. ölçegde bolan hem-de sergilenmek maksady bilen çarçuwalanan (ramkaly) we ozal bäsleşiklere gatnaşdyrylmadyk asyl nusgadaky işleri bäsleşige hödürläp bilerler.

8. Bäsleşigiň ýeňijilerini saýlamak we sylaglamak eminler toparyna degişlidir.

9. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň çeken suratlaryna, suratlaryň çeperçilik derejesine, hiline, many-mazmunyna we özboluşlylygyna görä baha berýär.

11. Eminler toparynyň agzasyna netije çykarmak üçin eminler toparynyň beýleki agzalary bilen maslahatlaşmaga hukuk berilmeýär.

IV. Bäsleşigiň netijeleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň çäklerinde bäsleşigiň netijeleri jemlenilip, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersiniň ýeňijilerine degişlilikde I, II, III orunlar kesgitlener we bäsleşige gatnaşan çagalaryň ählisine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

 

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolynyň 104-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi:

44-88-55; 44-89-99.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK