Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde merdana halkymyzyň beýik gahrymançylygyny we watanperwerligini, parahatsöýüjiligini, bagtyýarlygyny, üýtgewsiz ruhy gymmatlyklar bolan ýokary ahlaklylygy, adamkärçiligi, hoşniýetliligi we söýgini, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylan zähmet üstünliklerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelliklerini belentden wasp edýän ilhalar aýdym-saz eserlerini ýokary ussatlykly ýerine ýetirmek boýunça estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigi geçirýär.
Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlilerini ýüze çykarmakdan, geljekde olaryň sungat äleminiň ussat ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine şert döretmekden, şeýle hem türkmen halkynyň milli aýdym-saz dünýäsini has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen Owazy» teleradioýaýlymynda ýylyň dowamynda tomaşaçylar tarapyndan köp ses alan estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýär. Bäsleşige 17-35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilýärler. SMS seslenmeler onlaýn görnüşinde turkmentv.gov.tm saýtynda ýöredilýär.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen Owazy» teleradioýaýlymynda ýaýlyma berilýän aýdymlara aýdym-saz muşdaklaryndan iň köp SMS ses alan 10 aýdymçy bäsleşigiň jemleniş dabarasyna gatnaşmak hukugyny gazanýar.
Ses bermek 2024-nji ýylyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemi jemlenýän gününe çenli dowam edýär.
Bäsleşigiň jemleýji dabarasynda aýdymçylar bir aýdymy saz bilen, ýene-de bir aýdymdan parçalary sazsyz ýerine ýetirýärler. Her çykyşdan soňra halypa aýdymçylar ýerine ýetirijiniň ukyp-başarnygy barada öz pikirlerini aýdarlar.
Dabaranyň ahyrynda çykyş eden aýdymçylara tomaşaçylardan gelen SMS seslenmeleriň iň köpüsini alan aýdymçy bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär.
Ýeňiji bäsleşigiň baş baýragyna - «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, göçme nyşanyna eýe bolýar, şeýle hem 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelän aýdymçylara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi: 44-00-74; 44-00-11; 48-96-82;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55;
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler
we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti: 44-22-22; 44-20-11