«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli etrabyň orta mekdepleriniň 7-10-njy synp okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda «Garaşsyz Diýarda joşgunly ýaşlar-2024» atly bäsleşik geçirdik. Köýtendag etrabynyň 39-njy orta mekdebinde Köýtendag etrap bilim bölümi bilen bilelikde geçirilen bu bäsleşik ýaşlaryň arasynda uly ruhubelentlik döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşýan, bagtyýar döwrümizi wasp edýän, ýokary döredijilik başarnykly zehinli çagalar bäsleşikde öz çykyşlary bilen döwletli döwranymyzy, milli medeniýetimizi wasp etdiler.
Bäsleşige gatnaşan okuwçylar türkmen milli saz gurallarynda saz çalyp, nusgawy şahyrlarymyzyň watançylyk, dost-doganlyk, erkanalyk, durmuş mowzuklarynda ýazan goşgularyna döredilen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Olar saz gurallarynyň taryhyny çeper sözüň, rowaýatlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler we Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikleri edebi sazly kompozisiýalaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Köýtendag etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň 9-nji synp okuwçysy Mähriban Toýlyýewa, Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Jahangir Iskandarbekow we Köýtendag etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Oňbaý Abdullaýew dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Lebap Geňeşi tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.
Dastan AŞYROW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.