DOWAMATY DOWAMLY ÝÖRELGELER

Türkmen halkynyň çuňňur taryhy köklere esaslanýan Bitaraplyk hukuk binýady öçmejek şamçyraga öwrülip, bu günki günde halkymyzyň edebi we medeni mirasynda hem öz şöhlesini bütin dünýä ýüzüne saçýar.

Nesilbaşymyz Oguz handan gözbaş alyp gaýdýan gadymy hem müdimi türkmen halkymyzyň geçmişi, ýörelgeleri, edim-gylymlary “Oguznama”, “Gorkut ata” eserlerinde has giňişleýin hem aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Taryhy maglumatlara, rowaýatlara salgylananymyzda Oguz han atamyz ähli babatda döwlet gurmakda, ony adalatly dolandyrmakda, ýurdy parahat saklamakda, goňşy döwletler bilen dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, öz raýatyna we goňşularyna kömek bermekde ynsanperwerlik ýörelgelerinden nusga alarlyk taryhy şahsyýet bolupdyr. Oguz han atamyzyň ýaşan döwründe döredilen bu ýörelgeler asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirilip halkymyzyň ruhy dünýäsinde, hakydasynda mäkäm orun alypdyr. Munuň şeýledigine “Gorkut ata” şadessanynyň boýlaryndaky beýan edilýän wakalarda halkymyzyň ýöreden mertlik, batyrlyk, dost-doganlyk, halka, Watana wepalylyk ýörelgeleri şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň durmuşynda dostlukly gatnaşyklara adamzat jemgyýetiniň islendik döwürlerinde uly orun berlipdir. Pähim-paýhasdan ýüki ýetik parasatly goja Gorkut atanyň dostluk we doganlyk hakyndaky parasatlylyk, akgöwünlilik bilen aýdan öwüt-ündewleri adamzadyň parahat ýaşaýşynyň tymsalydyr.

Edebi mirasymyzyň nusgalaryna ser salsak, 1995-nji ýylda alnan Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgeleriniň türkmen halkyna mahsus bolan has irki döwürlerde döredilip, arkama-arka dowam edilip gelinýän häsiýetlerden gelip çykýanlygyna anyk mysallar bilen bilelikde aýdyň göz ýetirýäris. Türkmenistan döwletimiziň baky Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan 2025-nji ýylymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýandygyny, ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgelerimiziň dowamatynyň mynasyp derejede dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Selbi TÄJIMYRADOWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky

 daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

65-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

21 Maý 2025 | 69 okalan

TÜRKMEN HALYSY-NEPISLIGIŇ NUSGASY

21 Maý 2025 | 49 okalan

IŇ LEZZETLI TAGAM (hekaýa)

16 Maý 2025 | 513 okalan

DOWAMATY DOWAMLY ÝÖRELGELER