EDEPLI ÝAŞLAR WATANYŇ DAÝANJY

Golaýda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda 4-nji orta mekdebinde okaýan 12-nji synp okuwçylaryň gatnaşmagynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli  tertip-düzgüni berkitmek, ýaşlaryň arasynda jenaýatçylygyň öňüni almak, uçurym boljak ýaşlaryň okuwlaryny ýokary we orta hünär okuwlarda dowam etmeklini  wagyz etmek maksady bilen “Edepli ýaşlar watanyň daýanjy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ýaşlaryň mynasyp goşant goşmalydygyny, olaryň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer bolup ýetimekleriniň abadan durmuşymyzyň aýdyň güwäsidigini belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çärä gatnaşanlar döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Maý 2025 | 37 okalan

PARAHATLYK AÝDYMY – ASUDALYK MUKAMY

29 Maý 2025 | 49 okalan

ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

28 Maý 2025 | 62 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM