AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda merjen paýtagtymyz gözel Aşgabat gülläp ösüşleriň, döredijiligiň bagtyýar geljegi nazarlaýan arzuw-umytlaryň şäherine öwrüldi. Joşgunly köňülleriň owazy, dünýä gözelliginden nusga alan paýtagtymyz Aşgabadyň läle-reýhan güllere beslenen ajaýyp keşbine tüýs ýürekden guwanýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşýän merdana halkymyz Aşgabat şäheriniň gününi buýsanç bilen belleýär.

Halkara derejesindäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýän, döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi. Dünýäniň şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Dizaýn” ugry boýunça merjen paýtagtymyz Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine “Şäherdäki baglar” atly başlangyja bag ekmek çäreler arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamasynyň berilmegi merjen paýtagtymyzyň dünýäde at abraýynyň barha ýokary galýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde döwlet derejesinde giňden bellenilýän “Soňky jaň” dabarasy belent maksatlary kalbynda besleýän uçurymlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakadyr. Şatlyk-şowhunly mekdep ýyllarynyň tamamlanmagy bilen ýaşlaryň täze belentliklere gadam goýýandyklaryny alamatlandyrýan “Soňky jaň’ dabarasy ýaş nesillerimiz barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmek ýaşlarymyz üçin uly bagtyň nyşanydyr.

Geljegimiz bolan ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim, terbiýe bermekde abraýly we hormatly käriň eýeleri bolan mugallymlara ýurdumyzda uly sarpa goýulýar we olaryň zähmetine mynasyp baha berilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet syýasatynda Aşgabat şäherini ösdürmeklige ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentmiziň yzygiderli bildirýän talaplaryna berýän tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzyň daşky gurşawy gök öwsüp, abadançylyk we arassaçylyk keşbi has-da döwrebaplaşýar. Gün-günden gülläp ösýän merjen paýtagtymyz bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde gözelligi we özünde ýagşy arzuwlary, belent myhmansöýerligi jemleýändigi bilen meşhurlyga eýe boldy. “Aziýanyň merjeni”, ak şäherimiz Aşgabat ýylyň dört paslynda hem älemgoşar öwüşginli al-elwan gülleri, asmana gol uzadýan ýaşyl baglary, ýüreklere mähir paýlaýan nurana günleri bilen halkymyzyň ak bagtynyň aýdyň alamaty bolup jahana şugla çaýýar.

Gözel paýtagtymyzy beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolmagyny, Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, agzybir halkymyzyň eşretli we abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Manzura BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar