SAGDYNLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BAÝRAMY

3-nji iýunda her bir güni toýdur-baýramlara ulaşýan parahatsöýüji ýurdumyz dünýä derejesinde bellenilýän ýene bir ajaýyp baýramy — Bütindünýä welosiped gününi uly joşgun bilen garşylady. Bu ajaýyp senäniň ählihalk derejesinde giňden dabaralanmagynyň gözbaşynda Türkmenistan döwletimiziň öňe süren beýik başlangyjynyň durýandygyny uly buýsanç bilen bellemek bolar.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende göterdi. 2022-nji ýylda BMG-niň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bolsa, Türkmenistan döwletimiziň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň parahatçylygyň ilçisi bolan sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmäge, sagdyn ýaşaýyşa we jemgyýetde ekologik medeniýetiniň kemala getirilmegine goşýan goşandynyň beýik ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni mynasybetli asylly däbe eýerilip, ir säher bilen welosipedçiler Mary şäheriniň Kemine köçesiniň başlanýan ýerinden badalga aldylar. Aýdym-sazly baýramçylyk ruhuna beslenen dabaraly ýörişde welosipedçiler welaýatymyzyň gözel ýerlerini synlap, pellehana geldiler.

Ýeri gelende bellesek, watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda guralýan welosipedli ýörişleriň ynsan saglygyna örän täsirlidigini aýratyn nygtamak gerek. Çünki, welosiped ýöne bir hereket etmegiň serişdesi däl, ol syratly beden gurluşyny emele getirmäge, saglygy berkitmäge, şähdiňi açmaga ýardam edýän we adama oňaýly täsir edýän köptaraplaýyn ulagdyr.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlanmagy, welosiped sportunyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 52 okalan

ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

03 Iýun 2025 | 79 okalan

SAGDYNLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BAÝRAMY