ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri Watanmyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamynyň iň ajaýyp subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda parahat, abadan ýurdumyzda çagalaryň şatlykly owazy has-da belentden ýaňlanýar. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli dynç almaga, okamaga, döretmäge, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda çagalaryň esasy üns merkezinde durýandygyna aýdyň güwä geçýär.

Ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, hemmetaraplaýyn bilim almaga  döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin döwletimizde atalyk alada edilýär.

Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alnyp, maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň iň gowy zatlary çagalara bermek, olary aýratyn üns gurşap almak ýaly ajaýyp däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.

Şeýle-de mähriban çagalarymyzy, ýurdumyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygyny wasp edýän şekillendiriş sungat eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde, bilimini artdyrmakda uly paýy bardyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň çagalara bagyşlap sungatyň dürli görnüşlerinde ýerine ýetiren eserleri çagalarda ýakymly duýgulary oýarmaklyga, olary watansöýüji ýaşlar edip terbiýelemeklige itergi berýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde çagalaryň waspy” atly okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda eýjejik çagalaryň waspyny şöhlelendirýän eseler bilem içgin gürrüň edildi. Şeýle eserleriň döredilmegi, sergileriň gurnalmagy çagalary watansöýüji ruhunda terbiýelemek, olary höweslendirmäge, bilimini artdyrmaga, şahsy pikirlerini kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp eserler, gurnalýan sergiler, geçirilýän maslahatlar, şirin owazly aýdymlar belentden ýaňlanýar, körpeleriň şadyýan gülküleri zemine doldurýar. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar çagalygyň mekan bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýändir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Amangül GOÇMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 52 okalan

ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

03 Iýun 2025 | 79 okalan

SAGDYNLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BAÝRAMY