Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda, tomusky dynç alyşdaky çagalaryň dynç alşyny gyzykly, täsirli hem-de şadyýan geçirmek maksady bilen «Biz bagtyýar nesiller» atly şygar astynda aýdym-sazly dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly dabarada Daşoguz şäheriniň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň höwesjeň aýdymçylarynyň goşgudyr, aýdymlary tanslary ýerine ýetirmekleri bilen çykyş edip, gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdylar hem-de örän şadyýan we ýatda galyjy boldy. Çäräniň ahyrynda ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çaga ýüreginden çykýan hoşallyklaryny aýtdylar. Dabara gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Arazgül MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.