Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, bilim, medeniýet, sport, saglyk bölümleri bilen bilelikde etrabyň medeniýet öýünde «Ata ýurdum baky bagtyň mekany – ýaňlanyp dur parahatlyk mukamy» atly şygar astynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirdi. Oňa etrabymyzyň il sylagly ýaşulular, mährem eneler, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak, ýylyň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bilen baglanşykly geçirilýän medeni we syýasy çäreleriň mazmunyny halk arasynda wagyz etmek, geçirilýän çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, döwlet derejesinde we halkara derejesinde geçirilýän maslahatlar, sammitler, forumlar, olaryň ähmiýeti, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şonuň ýaly hem, maslahatyň dowamynda etrabyň medeniýet-sungat işgärleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edip ýaňlanan aýdym-sazlar maslahata gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.