Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kitap bilimiň açary» atly kitap şüweleňini geçirdi. Ýaş nesilleriň kitap okamaklygyna bolan höweslerini has-da artdyrmak, kitap okamaklygyň peýdaly täsirlerini okuwçylaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen medeni çärä TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň jogapkär işgärleri, «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçileri gatnaşdy.
Kitap şüweleňiniň dowamynda çagalaryň haýsy kitaplary okandyklary barada sowal-jogap alşyldy. Şonuň ýaly-da çäräni gurnaýjylar haýsy okuwçynyň haýsy kitaby okandygyny sorap, ol kitabyň haýsy ýazyjy-şahyryňkydygyny, okan çaganyň şol kitapdan nämeler öwrenendigini, nähili düşünje alandygy, haýsy ýazyjy-şahyryň eserlerini, goşgularyny söýüp okaýandyklaryny, geljekde haýsy kitaplary okamaklygy maksat edinýändikleri barada gyzyklandylar. Şeýle hem, terbiýeçiler çagalara birnäçe kitaplary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän kitaplaryny okamaklygy, milli ýörelgelerimizi, taryhymyz bilen bagly gymmatly maglumatlary öwrenmekligi maslahat berdiler. Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşan çagalara TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Güljemile AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.