ÇÄJIŇE BEREKET GALLAÇY DAÝHAN

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, Daşoguz welaýat we etrap häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň Aksaraý daýhan birleşiginiň bugdaý ekilen meýdanlarynda «Çäjiňe bereket gallaçy daýhan!» atly şygar astynda aýdym-sazly dabara geçirdi. 2025-nji ýylyň galla oragyna girişilmegi, ilkinji galla hasylynyň ýygnalyp döwlet harmanyna tabşyrylmagy mynasybetli dabaralar guramak maksady bilen geçirilen dabarada il sylagly ýaşulularyň ak pata bermeginde welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi. Dabarada welaýatyň medeniýet müdirliginiň işgärleriniň taýýarlamagynda aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi, el işleriniň suratkeşleriň sergileri, oba hojalyk önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergileri gurnaldy. Halkymyzyň milli ýörelgelerine laýyklykda milli tagamlar taýynlandy, türgenler sportuň milli göreş, ýaglyga towusmak, tanap çekmek ýaly görnüşleri boýunça güýç synanyşdylar. Galla oragyna girişmeklik dabarasyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek, azyk bolçulygyny döretmek, her bir türkmen öýüniň döwletli saçagynyň ak bugdaý unundan bişirilen çöreklerden dolup durmagy üçin irginsiz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.

Kemal SABYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar