BAGTDAN PAÝLY NESIL BIZ

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesiller üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly. Ine, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mekdep okuwçysy hökmünde “Ýaş alym” bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. “Türkmen edebiýatynda ömürnamaçylyk däbi” diýip atlandyrylýan ylmy işim bilen bu bäsleşige gatnaşdym we 3-nji orna mynasyp boldum.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bilim ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek, ylymly, bilimli, Watana wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, zähmetsöýer, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär.” diýip belleýär.

Ylmy işimde ynsan ömrüniň dowamlylygyny yzarlaýan goşgulara seljerme berildi, türkmen jemgyýetinde ömürnamalaryň beýany edilýän goşgularyň gymmaty hakynda beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biz geçmiş taryhymyzda ata-babalarymyzyň nähili gatnaşyklarda ýaşap, nähili gymmatlyklara eýerendigini, nähili kada-kanunlara boýun egendigini, bularyň soňky asyrlardaky türkmen halkyna nähili täsir edendigini hökman bilmeli. Bu zatlaryň özi biziň üçin terbiýe mekdebidir.

Türkmen nusgawy edebiýatynda we XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerinde jemgyýet, halk, millet, adam, şahsyýet hakyndaky aýdylan pikirler öwrenilmäge we özleşdirilip, durmuşda ulanylmaga mynasypdyr. Munuň özi nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrýar, pikirleriň nesle geçijiliginiň uly gymmaty milletiň birlik bolup dowam etmegi üçin binýatlyk şertleri döredýär.

Işiň baş maksady türkmen edebiýatynyň taryhynda ömürnamaçylyk däbini öwrenip, nesilleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň sazlaşygyny, ol sazlaşygyň türkmen halkynyň jemgyýet, döwlet hökmündäki ýaşaýşynda ýüze çykyşyny, ösüşini, döwür hem taryhy ýagdaý bilen baglanyşykly ýaýbaňlanyşyny öwrenmekden we şunuň üsti bilen ýaşlarda, türkmen edebiýaty bilen gyzyklanýan her bir adamda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza egsilmez, hyjuwly söýgi döretmekden ybarat.

Biz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagymyz, täze innowasion tehnologiýalardan ökde baş çykarmagymyz üçin ähli mümkinçilikleri, döwrebap şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin.

Nabat JANMYRADOWA,

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen

39-njy orta mekdebiniň 12-nji synpynyň okuwçysy,

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler

boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi.

Meňzeş habarlar

14 Iýun 2025 | 0 okalan

BAGTDAN PAÝLY NESIL BIZ

12 Iýun 2025 | 80 okalan

GARAŇKYNY AÝ ÝEŇER, ÝADAWLYGY ÇAÝ