Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir güni toý baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. Ähli ulgamlarda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeli işler durmuşa geçirilýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan eden bäsleşiginiň jemleri jemlendi we maňa-da ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Bäsleşikde ýurdumyzyň ähli künjeginden birnäçe ýaşlar öz ylmy işleri bilen gatnaşyp öz zehinlerini görkezdiler. Şonuň netijesinde Türkmenistan döwletimizde jemi 118 sany ýaş hünärmenler, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby talyplary we işgärleri ýeňiji boldular.
Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, işlemegi, döretmegi, ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Atajan NURÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy,
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy,
Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy.