BILIMLERIŇ ÇEŞMESI

Gahryman Arkadagymyzyň kitaba goýýan belent sarpasy, onuň gadyr-gymmatyny artdyrmagy we kitaphanaçylyk işini kämilleşdirmäge gönükdiren tagallalary talyp ýaşlaryň buýsanjyny artdyrdy. Şu buýsançly pursatlarda bolsa ýene bir ýola kalbymyzyň owazyny, köňül alkyşlarymyzy zybana getirýäris.

Hormatly Prezidentimiziň hepdäniň bir gününi «Kitaphana güni» diýipyglan etmekhakynda öňe süren ajaýyppikiri ähli halkymyzyň, hususan-da, biz — ýaşlaryň başyny göge ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eserinde: “Müňýyllyklaryň ymgyr wakalarynyň we iňňän çuň mazmunly medeni galkynyşlarynyň, öz döwrüniň danyşment alymlarynyň akyl-pähimleriniň, döredijilik gözlegleriniň jeminiň kitaplaryň üsti bilen bize gelip ýetmegi diýseň buýsançlydyr. Çünki kitap okap ylym-bilimimizi, akyl-gözýetimimizi baýlaşdyrýarys” diýlip bellenilişi ýaly, keramat saýylýan bu gymmatlyk asyrlarboýy ýaşap gelýär. Bu günki günde bolsa bu mukaddesligiň bagtyýarlyk röwşi bilen ykbalymyza şugla saçmagy hormatly Prezidentimiziň paýhasy netijesinde peýda boldy.

Pederlerimiziň kitaba goýýan sarpasynyň bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowamata eýe bolmagy döwletliligiň artmagynyň alamaty hem-de aň-paýhas kämilliginiň ýokarlanmagynyň nyşanydyr. Geçen hepdede Gahryman Arkadagymyzyň döwlet kitaphanaçylyk işiniň kämilleşdirilişi bilen tanyşmagy, on aýyň jemlerine bagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu ugra degişli ajaýyp sözleri beýan etmegi, halkyň medeniýetiniň we aň-paýhasynyň täzeden galkynjakdygynyň beýany boldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň kitabyň jemgyýetdäki ähmiýetini nygtamak bilen: “Kitap adamyň döreden täsin we beýik gudratydyr.Ol döwürleriň aýnasy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Bu gudratda adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy, umuman asyrlaryň ýaňy beýan edilýär” diýen sözleri biziň her birimiz üçin kitaby söýmekde we peýdalanmakda paýhas çelgisidir. Ebedi mirasymyza we gadymy dessurlarymyza laýyklykda milletiň ruhy derejesini kämilleşdirmäge uly itergi berýän kitaba we neşir önümlerine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyran bu pursatlarda mähriban halkymyzyň medeni aň-bilim ösüşi, nesilleriň milli ruhda döwrebap terbiýelenişi ugrunda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny görmek bolýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe kitaphanalar bina edilip, olaryň durkuna täzeçe öwüşgin berildi, olaryň gory artdyrylyp, hyzmat etmegiň kompýuterleşdirilen ulgamy, şeýle hem hasaba alyş, neşirleri saklamak we olara gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi, şeýle-de ylmyň, medeniýetiň we aňyýetiň merkezi hasaplanylýan bu ojaklarda okyjylar üçin ähli amatly şertler we mümkinçilikler döredildi, şunuň ýaly hem okyjylara edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandy. Wagtyň geçmegi we täze tehnologiýalaryň ösüşi arkaly kitap okamak işi has kämilleşýär. Häzirki döwürde kitaplar elektron görnüşinde, onlaýn tertibinde okyjylara elýeterli boldy. Kompýuteriň ýa-da ykjam telefonlaryň kömegi bilen meşhur kitaphanalara aralaşmak we gerek neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi ýola goýuldy.

Şu mümkinçilikler we Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medeniýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bahasyna ýetip bolmajak, pähim-paýhasyň çeşmesi bolan şeýle gymmatly hazynalar bolsa, kitaphanalarda jemlenýär. Kitaphanalar ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ilatyň ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýär. Şoňa görä-de, biziň halkymyz bu gymmatlyklara uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýdýar.

Her bir işi görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň hepdäniň bir gününi «Kitaphana güni» diýip yglan etmek hakynda öňe süren ajaýyp pikiri bolsa ähli halkymyzyň, hususan-da, biz — ýaşlaryň başyny göge ýetirdi. Kitaphon halkymyz, bilime teşne nesiller bolup biziň ählimiz Gahryman Arkadagymyzyň pent-sargytlaryny doga, kitaplaryny çyrag, beýik başlangyçlaryny goldamagy borç edindik.

Halk ykbaly, ýurt abraýy bilen bagly bolan şeýle arzyly işlere aýratyn üns berip, ony ösüşiň täze derejelerine çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent bolsun.

Şeýda GURBANOWA,

talyp.

“Nesil” gazeti,

13.11.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1188 okalan

ENE HÜWDÜSI