Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda dürli bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýaşlarymyz bilimde, döredijilikde, aýdym-saz sungatynda, sportda ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezip, gazanýan üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň mertebesini belende göterýärler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan eden «Merdana nesil — 2018» atly şadyýan bäsleşigi hem hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 23 ýyllygyna bagyşlandy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy we bagtyýarlygymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlaryňyz, ajaýyp sahna oýunlaryňyz, döredijilik ukyp-zehiniňiz dost-doganlygyň hem-de parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we erkanalygyň senasy bolup belentden ýaňlanýar» diýen sözlerinden ugur alyp, bu bäsleşigiň baş maksady ýurdumyzyň okuwçy ýaşlarynyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmekden, ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmakdan, olaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan paýtagtymyzdaky «Bagtyýar nesiller» 74-nji orta mekdebinde geçirilen «Merdana nesil — 2018» atly bäsleşik turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Bu bäsleşige orta mekdeplerden saýlanan zehinli oglanlaryň 11-si gatnaşdy. Olar bu bäsleşigiň şertine laýyklykda merdana pederlerimiziň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, ýürek buýsanjyny çeper sözde beýan etmekde, degişme sahnasyny görkezmekde, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Bezemen sahnada aýdylan aýdymlar, çalynan sazlar Watan waspy bolup belentden ýaňlandy. Büzmeýin etrabynyň 106-njy orta mekdebiniň okuwçysy Aýdyň Gurbanowyň dutarda aýdan «Watanym» diýen halk aýdymyny, 103-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ýakup Çaryýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetiren degişme sahnasy, 144-nji orta mekdebiň okuwçysy Musa Halbaýewiň Watan hakyndaky çeper okaýşy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olar emin agzalary tarapyndan «Merdana nesil — 2018» atly şadyýan bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Ýeňijilere etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şirin MIRMEDOWA,
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
10.11.2018ý.