ARKALY ARKADAG, BAKYŇ, BAŞDADYR

Ýaşlyk birje pasyldyr welin, uzak ömrüň hödürini, hözirini, hezzetini, lezzetini bir özünde jemleýän ýalydyr. Ondaky joşgunam, hoşlugam sil kibi çaslydyr, batlydyr, aýgytlydyr.

Ser salanyňda, buýsananyňda, guwananyňda Gahryman, mähriban Arkadagymyzyň dogumyny gözleýäň ondan, dolulygyny gözleýäň ondan.

Başdan mende bir isleg bardy. Oňa hemişe hyrydardym, teşnedim. Mertlere meňzäp, dabanymdan ot syçrasa diýýärdim. Muny näme üçin aýdýan men?

Ynsany bezeýän asylly häsiýetleriň, güýç-gaýratyň, edep-ekramyň, pähim-paýhasyň ýaşlarymyzda jem bolmagyny isleýändigimiň özboluşly beýany bu. Şeýle ýaşlar Watanymyza ýürek goýup, ösüşine goşant goşup bilerler.

Il ýagşysyna meňzemegiň görelde mekdebi Gahryman, mähriban Arkadagymyzdyr. Muňa ýaşlaryň aňryýany bilen göz ýetirýändigine ynanýaň. Türkmeniň Beýik Oglundan ugur alyp, her bir tarapdan olaryň gazanýan uly üstünlikleriniň şaýady biz.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni bilen sizi gyzgyn gutlaýaryn! Ýurduň ýaşlaryny jebisleşdirýän guramanyň türkmeniň beýik söz ussadynyň adyny götermeginde uly many bar.

Gutlag hökmünde bäş keleme sözi Pyragy aýtmyşlaýyn, «taraşlap şagladyp», size ýetirmegi ýerlikli bilýän.

 Watan waspyn edýän dilli tarsyňyz,

Sährasynda ýagyşsyňyz, garsyňyz.

Ýagşylygyň bar ýerinde barsyňyz,

Size goýlan gadyr-gymmat başgadyr.

                           §

Döwür-döwran bilen bile ösýäňiz,

Tomaşada ýaşyl-gyzyl öwsýäňiz.

Ýeri gelse,

umman boýun böwsýäňiz,

Gujur-gaýrat size berlen ýaşdadyr.

                           § 

Edebňize,

ekramňyza ezizlik,

Gaýtargysy berdaşlykdyr

hem berklik.

Görmegeýlik hemem gelişiklilik,

Lowurdaýan gara gözde, gaşdadyr.

                           §

Gujur dabandaky közüňiz bilen,

Şahaly ýaýrawlar ö:rüňiz bilen.

Beýnini bek etmek özüňiz bilen,

Juwan ýaşlyk darak geçmez saçdadyr.

                           §

Mährem eneleriň gujagysyňyz,

Abadan günleriň guçanysyňyz.

Guşa öwrüliban uçanysyňyz,

Bakan,

akan ýakymňyza aşnadyr.

                           §

Akyl-aňy seljermäge göz elek,

Aňyrlyda akyl,

danada derek.

Ýöremäge göreldeli ýol gerek,

Arkaly Arkadag, bakyň,

başdadyr.

Gözel ŞAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Gahrymany.

“Nesil” gazeti,

15.11.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1188 okalan

ENE HÜWDÜSI