TÜRKMEN ENERGETIKASY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek ugrundaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň merdana halkymyza bolan beýik söýgüsi, uçursyz watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we gujur-gaýraty, döwlet möçberindäki tagallalary bar.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öz hünärine ökde ylmy işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny ylma çekmegi baş wezipeleriň biri hökmünde öňe sürýär. Çünki olaryň arasynda geljekde türkmen ylmyny ösdürmäge uly goşant goşjak zehinli ýaşlar kän. Olary ýüze çykarmak, ylym äleminiň jümmüşine aralaşdyrmak ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, professor-mugallymlarynyň baş wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ylmynyň täzeden galkynmagyna badalga beren möhüm resminamalara — «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda» Kararlara gol çekmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş alymlara goldaw bermek arkaly türkmen ylmynyň geljeginiň berk binýadynyň döredilýändigini biz hemişe görýäris. Energetika pudagyna gerekli, täze innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde, olaryň aň-düşünjelerini ösdürmekde biziň baýry okuw mekdebimiz — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem oňyn işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz döwletimiziň elektroenergetika pudagy hem ösüşli ýol bilen öňe barýar. Täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde bu iri pudagyň önümçilik kuwwaty düýpli artdyrylýar. Häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmekde uly işler alnyp barylýar. Täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde bu iri pudagyň önümçilik kuwwaty düýpli artdyrylýar.

Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişi artýar. Şonuň üçin hem daşary ýurtlar Türkmenistan bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleri yzygiderlikde geçirýärler. 2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu mejlis ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça gepleşiklere täze ýol açdy. Dünýäniň ähli yklymlarynyň 52 döwletinden, iri halkara we sebit guramalarynyň, energetika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forumyň jemleri boýunça strategiki orta möhletli resminama hökmünde Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Onda Türkmenistan döwletimiziň bu gurama başlyklyk etmeginiň netijelerine hem ýokary baha berildi. Şeýlelikde, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň binýadynyň örän berkden tutulýandygyndan habar berýär.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň energetika pudagyny çalt depginlerde ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýandygyny «Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagynda hem aýdyň görmek bolýar. Bu Konsepsiýanyň çäklerinde soňky birnäçe ýylyň dowamynda eýýäm meýilleşdirilen gazturbina stansiýalarynyň ençemesi ulanylmaga berildi. 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde umumy kuwwaty 3854 megawata deň bolan täze energetika desgalarynyň işe girizilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Şu nukdaýnazardan, kabul edilýän döwlet möçberli taslamalar elektroenergetikanyň guralyşynyň esaslaryny, elektrik energetikasy babatda döwlet dolandyrylyşyny, elektroenergetikanyň operatiw-dispetçerçilik dolandyrylyşyny, şeýle hem energetika bazarynda ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklary sazlaşdyrýar. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna bolan iş saparynyň çäginde açylyp ulanylmaga berlen Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän kuwwaty 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasy hem uly ähmiýete eýedir. Onuň düzümine 4 gazturbinasy, 4 galyndyny gaýtadan işleýän enjam, 2 bug turbinasy girmek bilen ol gazturbinalaryň her biriniň kuwwaty 263,5 megawata deňdir. Täze döwrebap desgada zähmet çekjek kämil hünärmenleri taýýarlamak üçin biziň institutymyzda täze hünärleriň hem-de fakultetleriň açylmagyna uly ähmiýetiň berilmegine esas bolup durýar. Muňa mysal edip, «Gazturbina desgalary we dwigatelleri», «Adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri», «Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy» ýaly hünärleriň açylmagy bilen, energetika pudagyna ornaşdyrylýan kämil we täze innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin wajyp çözgütler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da Türkmenistanyň tutuş energoulgamynyň durkuny düýpli özgertmek hem-de elektrik energiýasyny daşary döwletlere çykarmaklygyň mümkinçilikleri birnäçe esse ýokarlanýar. Bu bolsa döwletimiziň özünde önýän energiýanyň diňe bir mukdaryny ýokarlandyrmaklyk däl-de, eýsem, energiýany geçirmekde we paýlamakda, elektrik energiýasynyň hil görkezijilerini dünýä ülňülerine laýyk gelmeginde uly öňegidişliklere alyp barar.

Biz — mugallymlar kämil we täze innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlarymyzyň Watanymyza wepaly, mynasyp, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmeklerinde öz güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde we energetika pudagyny kämilleşdirmekde uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Seýitmyrat ATAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

“Nesil” gazeti,

20.11.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1188 okalan

ENE HÜWDÜSI