Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan külalçylyk türkmen halkynyň kämil derejede ösen halk senetçiliginiň nusgasydyr. Türkmeniň geçmiş taryhynda küýzeler oturymly obalarda, çarwaçylykda giňden ulanylypdyr. Uzak ýola ugran kerwenler üçin bolsa ol ygtybarly gap hökmünde uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Gadymy türkmen topragynda eli hünärli külallaryň küýzegärçilik sungatyny ösdürmek bilen bir hatarda, il-halkyň abadan durmuşy üçin haýyrly işleri alyp barandygy dogrusynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji tomunda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Kitabyň «Jeýhunyň ýakasy» bölüminde beýan edilýän maglumatlara görä, gadymy döwürde ol künjekde Gündogara belli küýzegärler Mähri külal bilen Bahaweddin ýaşapdyr. Haçan-da duşmanlar şäheri gabaw astyna alanlarynda, Mähri külalyň külbesine şäheriň iň pähimli gojalarynyň biri gelip: «Mähri külal, sen maňa gulak as, bu gün bolmasa, erte duşmanlar şäheri eýelärler. Olaryň zorluk etmegine ýol bermeli däl. Bir çykalgamyz bar. Ertire şäherimiziň alymlary hem tebipleri birleşip, adamlaryň güýjüni iki esse artdyrýan, täsin bir dermany taýýarlarlar. Siz bolsa, küýzegärler bolup, ertir irdene çenli şäherde näçe adam galan bolsa, şolaryň her birine bir okara taýýar etmeli» diýýär.
Külallaryň yhlasy bilen, iki çarh durman aýlanyp, gije ýarymda küýzeler guýlup gutarylýar. Ýöne daşy gabalgy bolany sebäpli, külallar odun-çöp tapman kösenýärler. Bu ýagdaýdan çykalga agtaran külallar ähli gaplary bir humdana üýşürip, ýakmaga oňaýly näme zat tapsa, üýşürip oda oklap başlaýarlar. Mähri külal oduň pes ýanýandygy üçin Bahaweddinden ýene-de gaýrat etmegini towakga edýär. Emma ot az-kem tutaşsa-da, ýene haýallaýandygy üçin Mähri külal Bahaweddine ýene-de gaýrat etmegi haýyş edýär. Şu pursatlarda Bahaweddin ilki başgabyny, soňra geýimlerini oda oklaýar. Haçan-da Mähri külal «Ýene azajyk!» diýip, özüni ýitirip gygyranda, Bahaweddin özüni oda oklaýar.
Kitapda: «Duşmanlar Amuly boýun egdirip bilmeýärler. Amuly şol iki külal halas edipdir» diýip, rowaýatda beýan edilýär» diýilýär. Munuň özi külallaryň gadymy döwürde halk abadançylygy üçin uly edermenlik görkezendigini subut edýär.
Hormatly Prezidentimiz kitabynyň «Gadymy Merw» bölüminde: «Merwlileriň mis önümleri — küýzeler, kosmetik önümlerdir esbaplary saklar ýaly sandyjaklar, yşyk beriji gülçyralar, ýarag üçin bezegler, sowutlar, at bezeg şaýlary we beýlekiler dünýäniň çar künjüne ýaýrapdyr» diýip Merwde, «Daşoguzyň gadymy topragynda» bölüminde: «Küýzegärleriň üç müň dükany, müň sany hem çüýşe önümleriniň dükany ýerleşipdir» diýip, Gürgençde gadymy gymmatlyklaryň hatarynda küýze önümleriniň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny belleýär.
Gadymy döwürde küýzeler eli hünärli ussalar tarapyndan toýun palçykdan ýaýbaň billi, bokurdakly, iki ýa-da dört gulply görnüşde içine syrça çaýylyp hem-de syrçasyz ýasalypdyr. Içi syrçaly küýzelerde köplenç ýag, syrçasyz küýzelerde bolsa içimlik agyz suwy saklanypdyr.
Küýzeler görnüşleri boýunça dürli-dürli bolupdyr. Olaryň iň esasylarynyň biri gorküýzedir.
Gorküýze iki ýa-da dört gulply, ýörite palçykdan bişirilip we iç ýüzi syrçalanyp ýasalypdyr. Küýzegärler ony bili ýaýbaň, bokurdagyny giň edip ýasapdyrlar. Göwrümi boýunça golçadan, suw küýzesinden, jürdekden uly bolan gorküýzeler, esasan, çal tutmak we azyk önümlerini saklamak üçin ulanylypdyr. Gorküýzäniň içine guýlan saryýag, gowurma, ak ýag, künji ýag, bal, toşap ýaly azyk önümleri isle tomsuň jokrama yssy günleri bolsun, isle-de ýalazy meýdan, onda uzak wagtlap ygtybarly saklanypdyr. Öri meýdanlarynda, çarwalarda, goýun-geçi sagylýan döwürde gorküýzä saryýag guýup, agzyny mata bilen berk daňyp, içine howa girmez ýaly üstünden palçyk bilen mäkäm suwap, ony ýere gömüp goýar ekenler. Ýer astynda ençe wagt ýatan küýzedäki ýag gün geçdigiçe goýalyp-durlanyp tagamlanypdyr. Ýyl aşan şeýle ýaglar müň derdiň dermany hasaplanypdyr.
Küýzeleriň ýene bir görnüşine golça diýilýär. Onuň agzy giň, boýy pesräk we içi syrçaly bolýar.
Jürdek bolsa kiçi göwrümli, bir gulply suw küýzesidir. Ol külallar tarapyndan toýundan bişirilip ýasalypdyr. Adamlar uzak ýere gidenlerinde, ony agyz suwy äkitmek üçin peýdalanypdyrlar.
Küýzeleriň iň uly göwrümli görnüşine hum küýze diýilýär. Hum küýzeler ätiýaçlyk azyklary, suw ýa-da galla saklamaga niýetlenipdir.
Hum küýzeler görnüşleri we ölçegleri boýunça dürli-dürli bolýar. Köplenç halatda humlaryň düýbi we bokurdagy ýaýrawly bolýar. Taýýar edilen humlar açyk howada guradylyp, ýörite kürelerde bişirilipdir. Humlar ak öýleriň azyk böwründe ýarpy göwresi ýere gömlüp goýulýar. Onuň içi däneden ýa-da suwdan doldurylyp, agzy daşdan ýa-da bişirilen toýundan ýasalan tegelek gapak bilen ýapylýar.
Sary maýam çöküp otyr,
Iç ýagyny döküp otyr —
diýen sazlaşykly setirlerde beýan edilen juwaz ýagy hemmä bellidir. Onda künji owulyp, ýag aýna ýaly durlananda, ata-babalarymyz ony iki gulakly uly balhylara guýupdyrlar. Zerurlyk bolan mahaly balhylara süýt sagylan halatlary-da bolupdyr.
Biziň pähimdar ata-babalarymyz külallar, küýzeler bilen baglanyşykly «Külal ommukdan (jürdek) suw içer», «Humum bar, göwnüm bitin», «Golçam — goşa döwletim» ýaly pähimleri döredipdirler.
Atamyrat ŞAGULYÝEW
“Nesil” gazeti,
22.11.2018ý.