DÖWRÜŇ PELSEPEWI AKYMY

GURBANNAZAR EZIZOW öz döwründe edebi döredijiligiň ýokary ylmy ojaklarynda okap, dünýä filosofiýasynyň esasy ugurlaryny ýörite özleşdirmedik hem bolsa, onuň dünýä şygryýeti bilen tanyşlygy häzirki zaman filosofiýasynyň iň täze ýörelgelerine ugurdaş pikirleri goşgularynda şöhlelendirmäge mümkinçilik beripdir. Biz bu ýerde Gurbannazar Ezizowyň şygryýetinde duşýan täze döwrüň pelsepewi akymy bolan ekzistensial filosofiýanyň ýörelgelerini göz öňünde tutýarys.

Düşnüklilik üçin, ekzistensial filosofiýanyň esasy düzgünlerini bu pelsepäniň esasynda dörän fenomenologik-ynsanperwer psihologiýanyň mazmunynda yzarlamak has oňaýlydyr. Mälim bolşy ýaly, filosofiýanyň beýleki ugurlarynyň köpüsinde barlyk ynsan aňyna garaşsyz, gurluş hasaplanýar. Adam barlykdan täsirlenip, öz gezeginde oňa özgerdiji täsir edip bilýän-de bolsa, bu iki gurluşyň çendan özbaşdaklygy, esasan-da, barlygyň adam aňyna garaşsyzlygy aýgytlaýjydyr. Ekzistensial psihologiýanyň nukdaýnazaryndan, barlyk adamdan üzňelikde öz-özünden ruhy many-mazmun döredip bilmeýär. Hut şonuň üçin-de, adam mynasybetli many-mazmuna eýe bolýan barlyk, fenomenologik ýörelgede, bu hemişe adam tarapyndan düşündirilýän, belli bir many-ähmiýet bilen doldurylýan barlykdyr.

Adam aňynda baglanyşdyrylmasa, dagyň dag, çölüň çöl, derýanyň derýa bilen ne ähmiýet, ne-de many jähetden baglanyşygynyň bolmajagy düşnüklidir. Barlygyň bir düzüminiň beýlekisine degişlilikdäki şeýle garaşsyz öz-özüneligi, ynsan ornundan seredilende, ony gurak, bimany hadysa öwürýär. Şonuň üçin ekzistensial filosofiýanyň esasy talabynda her bir adamyň öňünde barlygy özüne ruhy daýanç berýän many bilen doldurmak borç-wezipesi durýar. Seljerilýän filosofiýanyň (şol sanda psihologiýanyň) nukdaýnazaryndan, adamyň öňünde keserýän bu ýumuş ýeňil iş däl. Hut şonuň üçin-de, adamlaryň belli bir bölegi bu babatdaky öz borç-wezipesine biparh ýa-da hökmany däl närse hökmünde garaýar. Käbirleri üçin bolsa barlygyň ýekebara ýaşaýyş-durmuş ýaly çäkli zolagy bimany görünýär. Şeýle bimanylyk adamyň öz jemgyýetçilik gatnaşygyndan kesekileşip, ýekebara gurluşa öwrülmegine getirýär.

Adamyň jemgyýetçilik-arkalaşykly ýaşaýyş-durmuşynyň kähalatlarda ýekebara, üzňelige süýşmeginde döreýän özboluşly duýgynyň häsiýetlendirilişini biz belli şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde görýäris. Onuň pelsepewi garaýşynda ýaşaýyş-durmuşy özüňi kanagatlandyrýan we jemgyýet ähmiýetli many bilen doldurmagyň ygtybarly täri ynsanyň barlyga, onuň düzüm böleklerine biparhlykda däl-de, olaryň ykbalyna duýgudaşlyk gatnaşykda bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, ekzistensial psihologiýasynyň başga bir aýgytly düzgüni — ynsanyň öz pikir-duýgusynyň, yhlas-aladasynyň uzap bilýän zolagyndaky zatlary duýgudaşlyk, goldawlylyk duýgusy bilen gurşamak talaby bilen baglydyr.

Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,

Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.

Şahyr ýüregi janly ulgamyň baş matlaby bolan erkanalygyň ondan kesekileşdirilmegini janagyryly häsiýetlendirýär:

Aňyrda gaplaňam sessiz aglady.

Iň soňky mertligin gözýaşa öwrüp,

Gaplaň derisinden çykan gaplaňy

Giň kapasa barýa gysyp-gowuryp...

Gürrüňi edilýän filosofik-psihologik ugruň başga bir düzgüni adamyň öz güýç-gor potensialyny, bir tarapdan, dolulygyna, ikinji tarapdan bolsa, mümkingadar köp ugurlaýyn amal etmek borjy dogrusyndadyr. Bu babatda şahyr şeýle diýýär:

Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi,

Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň!

ýa-da:

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň,

Senden sowlup geçmeýänne monça bol.

Elbetde, adam durmuşy many bilen doldurmak ýumşunyň çözgüdini öz islegleriniň kanagat almagyny, zerurlyklarynyň miýesserlenmegini ham-hyýal göz öňüne getirmede hem amala aşyryp biler.

Jemgyýetçilik ýaşaýşynyň giňişliginde, sözüň takyk manysynda adamyň öz eli bilen bar edilen döredişler (ylmy, ruhy, maddy gymmatlyklar) onuň deslapky ynsan paýhasynda esaslandyrylan durkundan has möçberli bolmagynyň maksadalaýyklygy şertsiz hakykatdyr.

Gurbannazar Ezizow adamyň kemala gelşini ýeke-täk diýen ýaly gurşaw täsirine syrykdyrýan döwrüň ideologiýasynyň hökmürowanlygynda, umuman düşünilýän, emma terbiýe düzgüni hökmünde ýörite esaslandyrylmadyk bir dünýägaraýyş ugrukmasyny diňe bir okyjynyň däl, jemgyýetçilik pikiriniň dykgatyna ýetirmegi başaran şahyrdyr. Onuň häsiýetlendirişinde, adam ýöne bir nesil dowamatynyň ýa-da gurşawyň önümi däl-de, ol özüniň kim bolup ýetişýändigine jogapkär.

Orýaryn ekenmi, oranmy iýýän,

Özüme edenli, gujurly diýýän...

Elbetde, şahyr adamyň şahsyýet hökmünde kemala gelşinde daş-töweregiň berýän oňyn terbiýesini, bellibir derejede onuň öz aslyňa çekmeklik ýaly şertleriň ähmiýetini inkär etmeýär. Emma her kesiň kim bolup ýetişmeginde soňky aýgytlaýjy söz adamyň öz «menine», hususy maksat goýmalarydyr karara gelmelerine, iň esasysy, esaslandyrylan niýetiň amal edilmegini şertlendirýän erkli güýjüň işjeňleşdirilmegine degişli. Hut şu pelsepewi ýörelge hem adamyň ýaşaýyş-durmuşda şahsyýet adyny götermäge hakyky hukugyny äşgär edýär.

Baýram BASAROW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor.

“Nesil” gazeti,

24.11.2018ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 5 okalan

NOU – HAU