Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli başlangyçlary bilen ýurdumyzda hususyýetçiligiň we telekeçiligiň ösdürilmegine giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligiň döwletimiz tarapyndan goldanylmagy barada kabul edilen kararlardyr oňyn çözgütleriň netijesinde hususyýetçiligiň gerimi barha giňeýär. Hususy kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleriniň hem görnüşleri we mukdary barha artýar.
Şeýle kärhanalaryň biri Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşýän «Ýakyn dost» HJ-niň kärhanasydyr. Bu kärhana kuwwatlylygy ýylda bir million şertli banka gök we miwe önümlerini gaplamaga niýetlenen. «Garaja» diýen ýazgy bilen önümleri kärhanada dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar oturdylypdyr. «Ýakyn dost» HJ-de 20-ä golaý ýaş hünärmenler zähmet çekip, sagatda bir ýarym tonna önüm öndürilýär. Öndürilýän önümler jemi 18 görnüşden ybarat bolmak bilen, olaryň 7 görnüşi mürepbe, 7 görnüşi şerbet we galan 4 görnüşi hem duzlanan hyýar, pomidor, kelem ýaly görnüşlerden ybarat. Bu kärhanada önümleriň hiline kompýuterleriň kömegi bilen gözegçilik edilýär. Olara goşulýan goşundylar hem ýörite enjamlarda alnyp barylýar.
Tejribeli telekeçi Nepes Döwranow bilen söhbetdeş bolanymyzda:
— Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak arkaly bäsleşige ukyply bazar ykdysadyýetini emele getirmek, oba hojalygyny we senagaty ösdürmek hem-de täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen kabul edilen kararlar türkmen telekeçilerini täze üstünliklere ruhlandyrdy. Munuň özi geljekde täze önümçilik toplumlarynyň, kärhanalaryň döremegine, ak bazarlarymyzyň we saçaklarymyzyň azyk önümleri bilen öňküden-de baýlaşmagyna mümkinçilik berdi. Gojaman Jeýhunyň kenarynda ýerleşýän gadymy toprakda gök we bakja önümleriniň, miweleriň hasyly ösdürilýär. Etrabyň bazarlaryndan ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri we miweleri satyn almak bolýar. Bereketli toprakdan önýän önümleri gaplanan görnüşde halkymyza hödürlemek maksady bilen kärhananyň işini ýola goýduk. Täze kärhanalaryň açylmagy bilen täze iş orunlary artyp, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi gowulanýar — diýip aýtdy.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz milli telekeçiligi goldamak babatda tutumly işleri durmuşa geçirýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda hususy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kiçi we orta hususy telekeçiligiň yzygiderli ösdürilýändigi barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde aýratyn nygtap geçdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi şu ugurda ädilen aýgytly ädimleriň biridir.
Döwletiň goldaw bermegi bilen häzirki döwürde türkmen telekeçileri ýurdumyzyň hyzmatlar ulgamynda, söwdada we gurluşykda örän işjeň hereket edýärler. Bu ugurdaky işlere ýaşlary çekmek we olarda eýeçilik etmek düşünjesini oýarmak üçin Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýörite kabul edilen we güýje girizilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda ýaş telekeçi, ýaşlar telekeçiligi we ýaşlar kärhanalary baradaky düşünje aýdyňlaşdyrylýar. Döwletimiz hususy kärhanalaryň her biri, şol sanda döwrebap we ýokary öndürijilikli enjamlarda işlemäge ukyply bolan ussat hünärmenler üçin hem köp sanly täze iş orunlarynyň döredilmegini, ýurdumyzyň bazarlarynyň oňat hilli harytlar bilen doldurylmagyny gazanýar.
— «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylymyzyň hem zähmet üstünliklerine beslenmegi ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Biziň işlemegimiz, gurmagymyz, döretmegimiz üçin ähli amatly şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, Nepes Döwranow söhbedimizi jemlänimizde hoşallyk bilen ýagşy dileglerini aýtdy.
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap
Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
27.11.2018ý.