Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gysga döwrüň içinde uly ösüşlere mynasyp bolýan Watanymyz bu gün tutuş dünýäniň üns merkezinde. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolup geçýän we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýan ýatdan çykmajak wakalaryň we düýpli özgertmeleriň sany barha artýar. Bu bolsa öz gezeginde halkymyzyň ykbalyny düýpgöter özgerdýär.
Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyz syýasy, ykdysady, ruhy-medeni taýdan täze belentliklere çykdy. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy, sosial-ykdysady, medeni durmuşda we saglygy goraýyşda, ylym-bilimde we beýleki pudaklarda giňden ýaýbaňlandyrylýan özgertmeler her bir adamyň kalbynda hoşallyk duýgusyny döredýär. Öz röwşen geljegini ynamly gurýan Türkmenistan bu günki gün ykdysady taýdan kuwwatly, agzybir, asuda, ýaşaýyş-durmuş taýdan eşretli, parahatçylyksöýüji, ylalaşdyryjy döwlet hökmünde dünýäde doly ykrar edildi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkymyzyň aň kitabyna hemişelik Bitaraplyk diýen syýasaty altyn harplar bilen ýazdy. Biziň parahatçylyk söýüji ýurdumyz öz Bitaraplyk syýasatyna eýerip, älem-jahanda bolýan dawa-jenjelleriň öňüni alýan, oňuşmaýan taraplary agzybirlige çagyrýan araçyl döwlete öwrüldi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty türkmeniň ahlak gymmatlyklaryny we ruhy ýörelgelerini dikeldýär, durnukly ösüşe, özge döwletiň içerki işine gatyşmazlyga, oňşukly goňşuçylyga, sagdyn jemgyýete, daşary we içeri syýasat işinde döwletiň we halkyň bähbitlerinden ugur alyp, demokratiýa daýanýar. Şeýle hem bu syýasat Türkmenistany iň ösen döwlete öwürmek üçin zerur bolan ykdysady we maddy kuwwatlylygy artdyrýar. Häzir Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulmazlyk Hereketiniň Yslam Konferensiýasy Guramasynyň we beýleki abraýly halkara we sebitara guramalarynyň mynasyp agzalary bolup, olar bilen netijeli we işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Halkara möçberindäki hyzmatdaşlygyň bu görnüşi «Dostluk köprüsi» bilen dünýä bazaryna çykmaga hem-de birnäçe uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alyp, halkyň abadançylygy we gülläp ösüşi ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeler, döwletli tutumlar ýurdumyzda ýaşaýan, işleýän her bir raýaty buýsandyrýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak syýasaty döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine, berkemegine, halkara işjeňliginiň artmagyna getirýär. Türkmenistan bilen dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, ýola goýlan gatnaşyk täze derejä eýe bolýar. Ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýän ösüş reformalar bilen ynamly öňe barýan Merkezi Aziýada örän möhüm orny eýeleýän Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. Bu halkara gatnaşyklaryna söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda ýangyç-energetika toplumynda, şeýle hem gurluşykda, oba hojalygynda, ekologiýa babatda hyzmatdaşlar girýär. Bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri hem hemişe üns merkezinde saklanylýar. Bu meseleler döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz milli ýoluna düşen gününden bäri geçen gysga taryhy döwürde Ýer ýüzüniň ösüp barýan ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeledi. Ýurdumyz jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem sosial ulgamlarynyň ösüşinde uly üstünliklere eýe boldy. Halkara derejesinde işjeň ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, bu işde özüniň halkara abraýyna dünýäniň syýasy arenasyndaky täsirini artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän belent özgertmeleri Watanymyzyň geljeginiň has-da aýdyň we ygtybarly boljakdygyndan habar berýär. Bu belent işler, öňde goýulýan täze maksatlar bolsa halkymyzyň geljeginiň röwşen boljakdygyny aňladýar.
Sapargül NURYÝEWA,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
29.11.2018ý.