TEBIGATDA köki çuňňur çeşmelerden suw içýän daragtlar bar. Olary göreniňde hamana janly taryh kitaby ýaly dillenip, goja dünýäniň ähli syryny açaýjak ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Olaryň hellewläp oturyşynda goja dünýäniň gylyk-häsiýetine beletlik bar. Köp çarşenbäni başyndan geçirip, il içinde akyl-parasady, ýagşy gatnaşygy bilen abraý gazanan ýaşululary, ak saçly eneleri göreniňde hem ýüregiň ýylap gidýär. Hamana olaryň parasat ýükünden azajygam bolsa susup alan ýaly bolýarsyň. Dünýä akyl ýetirmegiň, durmuşa parasat bilen bakmagyň bu iki meňzeşligi terbiýe mekdebiniň altyn halkasyny düzýär.
Türkmen halkynyň nesil terbiýesi bilen bagly ýörelgelerinde hem gojanyň töreligi, watançylyk ruhy, mertlik mekdebi öňe saýlanýar. Ata-babalarymyzyň nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegi terbiýäniň özen-maýasyny düzüpdir. Çünki nesilleriň özi Watan düşünjesini kemala getirýän umumylygyň bir ülşüdir. Nesiller bolmazdan Watanyň geljegini göz öňüne getirip bilmeris. Olaryň neneňsi terbiýe alanlygy bolsa geljegiň hilinden habar berer.
Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginiň tutuşlygyna diýen ýaly nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bagly bolmagy hem törelik parasadyndan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet dolandyryş işiniň mazmunynda ýaşlara halal terbiýe bermek, olaryň bilimleri çuňňur ele almagy, edep-terbiýeli, başarnykly bolup ýetişmegi bilen bagly işlere aýratyn üns bermegi hem Watanymyzyň geljeginiň hut ýaş nesillere baglylygyndadyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Mähriban Watanymyza söýgi akyldarlaryň pähimdarlyk mülküniň göwheridir. Çünki her bir dana sözüň many ýüki onuň watansöýüjiligi ündeýänligindedir» diýip nygtamagynda hem nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň çuňňur many-mazmuny beýan edilýär. Bu ýörelge döwletimiziň berkliginiň, il-günümiziň, ýaşlar bilen ýaşuly nesliň jebisliginiň açarydyr. Çünki ýaşlaryň gujur-gaýratynyň gojalaryň pähim-parasadyndan gözbaş alyp, dogry ýola gönükmegi Watan mertebesini beýgeldýän güýçdür.
Hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilik, watanperwerlik hakynda berýän ündewleriniň her biri ýaş nesil üçin iň gymmatly pähimleri özünde jemleýär. Türkmen ýaşlary üçin hormatly Prezidentimiziň pähim-parasadyndan dörän kitaplaryny okamakda hem uly many bar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp görmegi we onuň işini has-da döwrebaplaşdyrmak bilen bagly beren tabşyryklary hem ýaşlaryň arasynda uly goldaw tapdy. Kitaphanaçylyk işini döwrebaplaşdyrmak, elektron kitaphanalar hyzmatyny has-da ilerletmek ýaşlary ylym-bilime çekmegi, olaryň öwrenýän hünärlerini özleşdirmeklerinde amatlyklary döretmegi has-da tizleşdirer. Kitap okamak kämil akyl işidir. Elektron kitaplary okamak, olardan peýdalanmak bolsa okamagyň iň döwrebap görnüşidir. Dünýä ýüzünde elektron ulgamlaryň has ýokary derejede ösen döwründe türkmen ýaşlarynyň hem öz ukyp-başarnyklaryny döwrebaplaşdyrmaklary, elektron ulgamlarda iş salyşmagy özleşdirmekleri zerurlykdyr.
Hormatly Prezidentimiziň Döwlet kitaphanasyna baranda hepdäniň bir gününi «Kitaphana güni» diýip bellemegi baradaky teklibi ildeşlerimiziň arasynda uly goldaw tapdy. Durmuş mekdebiniň gyrasyndan giren ýaşlar üçin bu gymmatly görelde ilki bilen Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserlerini okamak üçin puryja bolup hyzmat eder. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda elektron ulgamyny ornaşdyrmak bilen bagly alyp barýan işleri diňe bir ýokary bilim alýan ýaşlary däl, eýsem, ähli ilatymyzyň durmuşyny gurşap alar. Bilimde we ykdysadyýetde elektron ulgamynyň ýola goýulmagy bizi bu hakykata has-da ýakynlaşdyryp, işlerimizi ýeňilleşdirer.
Biziň durmuşymyza elektron ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşýanlygyna garamazdan, ýaşlaryň watanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi bilen bagly talap üýtgewsizligine galýar. Döwürleriň öz möwritini täze döwre bermeginiň tebigy bolşy ýaly, Watanyň bakylygy-da tebigydyr. Ömrümiziň örki, nesillerimiziň bagty, rysgalymyzyň çeşmesi, ýurt ýerligi ata Watandadyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Watan biziň her birimiz üçin elýetmez mertebedir. Munuň sebäbi, Watan söýgüsi soňlanýan däldir. Watana söýgi hemişe joşup duran mukaddes duýgudyr» diýen sözleri hem Watan bakylygynyň tarypydyr.
Annagül NARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
01.12.2018ý.