Eziz Diýarymyzda demir ýollar, gara ýollar, howa we deňiz-derýa ýollarynyň çekilmegi gadymy söwda ýolunyň döwrebap dikeldilmegi bolup, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetine, söwda-täjirçilik gatnaşyklaryna öz mynasyp goşandyny goşjak beýik işlerdir. Nirede deňiz bar bolsa, şol ýerde söwdanyň ösendigi baradaky pikirler müňýyllyklardan biziň günlerimize gelip ýetipdir. Hazar deňziniň bu ugurdaky mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanmak maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gurlup, ulanylmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem Hazar deňzine çykalgasy bolan ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek, ulag-üstaşyr geçelgeleriň işini ýola goýmakdaky alnyp barlan uly işleriň aýdyň beýanydyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty uzak möhletleýin ösüşe niýetlenen häzirki zaman inženerçilik-kommunikasiýa infrastrukturasyna degişli ähli zerurlyklar göz öňünde tutulan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk, täjirçilik we logistika mümkinçiliklerine uly goşant goşmak bilen, ýerli we daşary ýurtly maýadarlaryň hem-de logistika we täjirçilik ulgamynda dünýä belli kompaniýalaryň geljekde port şäherinde iş merkezlerini açmagy arkaly syýahatçylyk zolagyna hem ykdysady merkeze öwrüler. Esasy belläp geçmeli zatlarymyzyň biri hem önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamak, şeýle-de häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 gäminiň gurulmagyny üpjün etmäge niýetlenen Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň bina edilmegi ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça amal edilýän ilkinji uly ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda ýurdumyzyň deňiz-derýa pudagynyň ösmegine uly goşant goşar. «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça dürli görnüşli ýükleriň has oňaýly hereket etmegi hemde ýurdumyzyň eksport we import mümkinçiliklerini has hem artdyrmak maksady bilen deňiz portunda uzynlygy 3915 metr bolan awtomobil ýolunyň uzynlygy 29 890 metr bolan demir ýolunyň bolmagy bu ugurdaky alnyp barylýan işlere badalga berer. Deňiz portunyň elektrik energiýasy, tebigy gaz hem-de suw üpjünçiligini doly derejede ýerine ýetirmek maksady bilen bu ugurda degişli kämil kömekçi desgalaryň hem birnäçesi guruldy. Portuň düzüminde zawodyň, terminallaryň we başga-da durmuş ähmiýetli döwrebap desgalaryň bolmagy onuň ýokary aýratynlyklarynyň mysaly bolup, 2500 töweregi iş orunlaryň döremegine mümkinçilik berýär. Täze iş orunlarynyň döremegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek, olara goldaw bermek babatda durmuşa geçirilýän işleriniň aýdyň mysalydyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasy «Ýaşyl Port» halkara ölçegleri göz öňünde tutulyp, amal edilmek bilen bu ýeriň ekologiýasynyň asylky ýagdaýynda saklamak maksady bilen terminallaryň hersinde bioarassalaýyş enjamlary ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem desgalaryň içinde ýerleşdirilen enjamlar mümkin boldugyndan elektrik energiýasy bilen işleýän, tebigat üçin zyýanly zyňyndylary öndürmeýän tilsimatlardan saýlanyp alnandyr. Ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Hazar deňziniň daşky gurşawynyň howpsuzlygy babatdaky talaplara laýyk gelmegi üçin ýerine ýetirilen işleriň iň täsinleriniň biri hem Halkara deňiz portunyň ýakynynda guşlar üçin ýörite emeli adanyň döredilmegidir. Alnyp barylýan bu işler bolsa tebigatyň asylky ýagdaýyny nesiller üçin gorap saklamakdaky alnyp barylýan işleriň beýanydyr. Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barýan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Kyýas GARAÝEW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
04.12.2018ý.