Hormatly Prezidentimiz: «Birleşen Milletler Guramasy bilen giňden we köptaraply hyzmatdaşlyk etmek Bitarap döwletimiziň halkara işiniň strategik ugry boldy we şeýle bolmagynda hem galýar. Biz dünýäde ýüze çykýan möhüm halkara meseleler çözülende Birleşen Milletler Guramasynyň hemmetaraplaýyn esasy gural bolup durýandygyny hemişe belläp gelýäris» diýip nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy we giňeltmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň BMG bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy ösüşi gazanmak babatdaky uzakmöhletleýin gatnaşyklarynyň wajyp ugruny kemala getirýär.
Aşgabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň «Ýüpek ýoly» atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji maslahatynyň, «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen işleriniň üstünliklerini alamatlandyrýar.
Ýeri gelende bellesek, 2011-nji ýylyň 3-6-njy maýy aralygynda Aşgabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň «Ýüpek ýoly» atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň 2-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, ýurdumyzyň bu wekilçilikli forumy geçirmek babatynda ýeterlik tejribe toplandygyny görkezýär.
Beýik Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasyna tapgyrlaýyn hödürlemek boýunça döwletara utgaşdyryjy komiteti barada aýdylanda bolsa, onuň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri, şol sanda ýurdumyzyň çäginde ýerleşen 25 sany taryhy-medeni ähmiýetli Amul, Merw, Sarahs, Abiwerd, Altyndepe, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç şäherlerinde ýerleşen kerwensaraýlary, köşkleri, metjitleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak bolup durýar.
ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiziň Pariž şäherine amala aşyran sapary we ÝUNESKO-nyň Baş Sekretary bilen duşuşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu bolsa gurama bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşmeginde amala aşyrylan möhüm ädimleriň esas goýujy binýadyna öwrüldi. Ýurdumyzyň 2013 — 2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna hem-de 2017 — 2021-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy netijesinde bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňedi.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň esas goýujy halkara hukuk resminamalarynyň aglabasyna goşulmak bilen olary resmi taýdan ykrar etdi. Olara: «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky» Konwensiýasy, «Aziýa we Ýuwaş ummany döwletlerinde okuw kurslaryny, ýokary bilim diplomlaryny we alymlyk derejelerini ykrar etmek baradaky» Konwensiýasy, «Biologik köpdürlülik hakyndaky» Konwensiýasy, «Maddy däl mirasy gorap saklamak baradaky» Konwensiýasy degişlidir. Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk esaslarynyň berkidilmegine daýanyp, dünýäniň halkara ylmy we medeni-ynsanperwer giňişligine goşulmaga mümkinçilik berýän bilelikdäki birnäçe taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşdy.
Medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, medeni mirasy öwrenmek we halka ýaýmak babatda ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň birnäçesi, ýagny gadymy Merwiň, Köneürgenjiň ýadygärlikleri, gadymy Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 2011-nji ýylda bolsa, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň 25-si şol sanawa girizilmäge hödürlendi.
«Maddy däl mirasy gorap saklamak baradaky» Konwensiýanyň çäklerinde «Görogly dessançylyk sungaty», «Küştdepdi aýdym we tans dessury» adamzadyň gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň Maddy däl mirasynyň sanawyna goşuldy. Häzirki wagtda bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna Köýtendagyň ekoulgamyny hem-de «Bathyz» döwlet goraghanasyny, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bolup, BMG-niň bu ugurda hereket edýän guramasy ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda ýurdumyzda bilelikdäki taslamalar we maksatlar durmuşa geçirilýär. Olaryň amala aşyrylmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda öňe sürülýän uly möçberli milli bilim we ylym maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Hemmeler üçin bilim» Jarnamasyny tassyklamak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýär. Bu Jarnama dünýä döwletleriniň 190-synyň goşulanlygyny hem bellemek zerurdyr.
Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ýurdumyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine alyp barýan daşary syýasatynyň belent ýörelgelerine laýyk gelmek bilen, medeni-taryhy mirasyny, ajaýyp tebigy ýadygärliklerini gorap saklamak babatyndaky işleriň dowam etdirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Akmuhammet JUMAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
06.12.2018ý.