BITARAPLYK BILEN BAGTA ÝETENIM

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýy günsaýyn belende galýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimizde dünýäde deňhukuklylygy, durnuklylygy, ylalaşygy pugtalandyrmak, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek babatda ähli tagallalar edilýär. Mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy birtaraplaýyn däl-de, köptaraplaýyn aktdyr. Bu derejäniň emele gelmegi üçin bitaraplyk statusyna dalaş edýän döwletiň islegi ýa-da hemişelik Bitaraplyk baradaky Jarnama ýeterlik däldir. Onuň hukuk taýdan güýje girmegi üçin beýleki döwletleriň-de yglan edilen Bitaraplygy ykrar etmegi zerurdyr. BMG-niň agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagy esasynda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň iki gezek ykrar edilmegi halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň taryhynda ilkinji gezek bolup geçdi we şu wagta çenli ýeke-täk tejribe bolmagynda galýar. Bu bolsa Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga we berkitmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işjeň we oňyn syýasatynyň dünýä derejesinde goldaw tapandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Aziýadaky ýeke täk hemişelik Bitarap döwlet bolmagy onuň ýene bir aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hut biziň ýurdumyzda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda açylmagy hem aýratyn mana eýedir. Onuň öz işini netijeli we üstünlikli dowam etdirmeginiň halkymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesi bilen, şu günki parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatymyz bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bardygyny bellemek aýratyn buýsandyryjydyr. Sebitde parahatçylygy gorap saklamakda bu merkeziň bitiren hyzmatlary netijesinde 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 55-nji maslahatynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýa kabul edilip, oňa 57 döwlet awtordaş bolup gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bolsa türkmen halky bilen birlikde bütin dünýä halklarynyň hem bu güni baýram etmegine mümkinçilik döretdi we türkmen Bitaraplygynyň dünýä taryhyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy wakadygyny ýene bir ýola tassyklady. Türkmen Bitaraplygynyň oňyn bitaraplykdygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda hiç wagt güýje, sansyz-sajaksyz goşuna daýanman, meseläni parahatçylyk ýol bilen çözmeklige ymtylmalydygy hakynda türkmen soltanlarynyň, hökümdarlarynyň aýdan sözlerini bellemek bilen, pederlerimiziň elmydama halklary ýakynlaşdyrmak, ylalaşdyrmak ugrunda hereket edendikleri dogrusynda getirýän taryhy maglumatlary ata-babalarymyza bolan çäksiz buýsanjy hasda artdyrýar. «Türkmen halkynyň beýik ogly Baýram han harby we döwlet işlerinde deň derejede üstünlik gazanan adam bolandygyna garamazdan, «parahat we agzybir ýaşamak sungaty bilen deňeşdirilende, ýeňiş gazanmak sungaty hiç zatdyr» diýer eken. Türkmen «parahatçylygy döretmek sungatyna» eýe bolan halk. Pederlerimiz bu asylly häsiýetlerini taryhyň ähli döwürlerinde baýdagyna öwrüp, belentde parladandyklary bilen bellidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz şöhratly pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerini dowam etdirip, dünýä döwletlerine dost-doganlyk, howandarlyk goluny uzadýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwletlere we tebigy betbagtçylyga uçran ýurtlara berýän ynsanperwer kömekleri aýdyň subutnamadyr. Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli Liderimiziň sebit we halkara derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, ynsanperwerlige, özara düşünişmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty ýurdumyzda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny bütin dünýä äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasy» esasynda parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan daşary syýasat täzeden-täze, beýikden-beýik sepgitleri nazarlaýar. Çünki, milli Liderimiz halkyň ýolundan, pederlerimiziň milli ýörelgelerinden ylham alyp, dünýäde ynsanperwerligi, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramakda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar.

Aýna BAÝMURADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

“Nesil” gazeti,

08.12.2018ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU